"Adaty owganlar jebir çekýär". Adam hukuklarynyň bozulmagyna garamazdan, näme üçin dünýä "Talyban" bilen gatnaşyk edýär?

"Talyban" delegasiýasy BMG tarapyndan Azerbaýjanda gurnalan COP29 halkara howa sammitine gatnaşdy. Bu "Talyban" topary üçin, 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýete gelenden bäri resmi taýdan çagyrylan iň ýokary çäre boldy. Aýal-gyzlary esasy hukuklaryndan doly diýen ýaly mahrum edýändigine garamazdan, "Talyban" hökümeti bilen ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişýän döwletleriň we halkara guramalarynyň sany barha artýar. Ýurduň içinde galanlar we daşary ýurda gitmäge mejbur bolan owganlylar halkara jemgyýetçiligini berk tankytlaýarlar we bu hereketleri "Talybany" kanun taýdan resmileşdirmek hasaplaýarlar.

"Esasy ejir çekýän – aýallar"

Fatima 2021-nji ýylda "Talyban" häkimiýeti ele geçirenden soňra-da Owganystanda ýaşamaly boldy. Ol alty çagany ýeke özi terbiýeleýär hem ekleýär, ýanýoldaşy birnäçe ýyl mundan öň aradan çykdy. Fatima Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda bilim meseleleri boýunça işleýän az sanly halkara guramalaryň birinde işleýär.

Soňky üç ýylda aýallara mekdeplerde we uniwersitetlerde okamak, jemgyýetçilik ýerlerinde işlemek, ýüzlerini açmak, islän lybaslaryny geýmek gadagan edildi, olara ýanynda mährem (ýakyn garyndaşy) bolmazdan, öýden ýeke çykmaga, köpçüligiň öňünde, hatda özara ýagdaýda-da gürleşmäge rugsat edilmeýär.

Netijede, aýallara işlemäge we erkin hereket etmäge mümkinçilik galmady, şol sebäpli-de, olar ýaşaýyş-eklenç mümkinçiligini doly diýen ýaly ýitirdiler. Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň maglumatyna görä, 12 milliondan gowrak owganly agyr azyk ýetmezçiligine duçar bolýarlar. Bu bolsa ýurduň her dört ýaşaýjysynyň biri diýmekdir.

"Biz owganlar, aýratyn-da aýallar garyplyga we rehimsiz şertlere garşy göreşmek üçin kömege mätäç" diýip, Fatima aýdýar.

Fatima ýurduň ilatynyň köpüsiniň esasy aladasynyň maşgalasyny nädip eklemek we öz esasy hukuklaryny saklamak barada bolýandygyny aýdýar. Onuň pikirine görä, olaryň ynsanperwer guramalardan alýan kömegi ýeterlik däl.

"Bize, hususan-da, bu üýtgeşikligiň esasy pidasy bolan aýallara iş mümkinçilikleri we ynsanperwer kömegiň köpeldilmegi gerek. Men bir zady aýdyp bilerin: häzir halkara jemgyýeti bilim we aýallaryň hukuklaryna ynsanperwer goldawyny artdyrmalydyr" diýip, Fatima nygtaýar.

Köp ýurtlar "Talybanyň" ynsan hukuklaryny, hususan-da aýal-gyzlaryň hakyny çäklendirmekde ýazgaryp, olaryň hukuklary bozulýan wagtynda, režim bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigine söz berdiler. BMG-niň bilermenleri öz hasabatlarynda, aýal-gyzlara yzygider çäklendirmeleriň gender aparteidine deň bolup biljekdigini aýtdylar. Emma "Talyban" bilen energetika we söwda şertnamalaryny baglaşýan ýurtlaryň sany gitdigiçe artýar. Halkara guramalary – Günbatar hem-de Gündogar talyplary sammitlere we gepleşiklere çagyrýarlar.

BMG-niň howandarlygyndaky duşuşyklar

Owganystanyň Milli daşky gurşawy goramak edarasynyň wekilleri golaýda BMG-niň Bakuwda geçiren iň uly halkara howa sammitine gatnaşdylar. "Talybanyň" Daşary işler ministrligi Azerbaýjanyň hökümetleriniň olary synçy statusy boýunça konferensiýa çagyrandygyny aýtdy. Azerbaýjanyň hökümeti bu maglumat barada pikir alyşmakdan boýun gaçyrsa-da, Reuters çeşmesiniň maglumatyna görä, "Talyban" daşky gurşaw meselesindäki gepleşiklere, belki-de, ýekme-ýek gepleşiklere" gatnaşyp biler, emma bu BMG-niň doly agzalary ýaly derejede bolmaz. Bu "Talyban" toparynyň 2021-nji ýylda häkimiýete gelmeginden bäri olaryň gatnaşan iň uly halkara çäresi boldy.

Owganystanyň adam hukuklaryny goraýjylary, aktiwistleri we ýurduň daşyndaky syýasatçylary adam hukuklaryny, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklaryny köp möçberde bozýandygy sebäpli "Talyban" hökümetine garşy wada edilen çäreleriň berjaý edilmeýändigi üçin, halkara jemgyýetçiligini yzygiderli tankyt edýärler.

"Köp ýurtlar "Talybany" öz işleri bilen goldaýarlar. Sebitdäki bu ýurtlar BMG-niň agzalary we adam hukuklary boýunça guramalara ýolbaşçylyk edýänler. [Olaryň] hereketleri “Talyban” terror režimini gönüden-göni goldaýar we pugtalandyrýar” diýip, owgan aktiwisti we aýal hukuklary boýunça göreşiji Tarannum Saýdi Nastoýaşeýe Wremýa telekanalyna aýtdy.

Onuň pikirine görä, halkara jemgyýetçiligi, şeýle-de Owganystan bilen serhetleşýän ýurtlar halkara arenasynda "Talybany" öz bähbidine laýyk kadalaşdyrmaga çalyşýarlar. Olaryň hatarynda peýdaly ýer asty baýlyklary gazyp almak şertnamalary, sebitde barlag işerini geçirmek, hususan-da, "Yslam döwleti" toparynyň owgan şahamçasyna gözegçilik, neşe söwdasyny düzgünleşdirmek, sebitdäki umumy geosyýasy ýagdaýa gözegçilik etmek ýaly ugurlar bar.

"Olar Owganystany şertnama we uruş ýurduna öwürýärler" diýip, aktiwist aýdýar.

BMG 2023-nji ýylda Owganystan bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin, Katarda birnäçe gepleşikleri gurnady. 2024-nji ýylyň iýunynda geçirilen iki gepleşikden soň "Talybanyň" wekilleri gepleşiklere goşuldylar. Gepleşikler, esasan, hususy işewürligiň ösdürilmegi we Owganystanda neşe serişdelerine gözegçilik programmasy bilen baglanyşykly boldy.

«Biz Owganystan üçin parahatçylygy, özi we goňşulary bilen parahatçylygy, şeýle hem özygtyýarly döwletiň borçlaryny – halkara jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary, goňşulary we öz halkynyň hukuklary meselesini öz üstüne almak mümkinçiligini isleýäris» diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Dohada Owganystan boýunça geçirilen gepleşikleriň ikinji tapgyrynda çykyş etdi. 2023-nji ýyl, maý

Gepleşikler gönüden-göni owgan aktiwistleriniň we adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň arasynda tankyt edildi. Owganystanda Aýallar meseleleri baradaky ministrligiň öňki başlygy we häkim bolup gulluk eden ilkinji aýal Habiba Sarabi The Guardian kanalyna beren interwýusynda BMG-ni ýurtda aýallaryň ýagdaýy barada alada etmeýändigi üçin aýyplady.

BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili we Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Roza Otunbaýewa AP beren düşündirişinde hiç kimiň "BMG şertleri mejbur etmändigini" aýtdy. Ýöne BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy we parahatçylyk meseleleri boýunça orunbasary Rozmary Dikarlo soňra munuň "Talyban" bilen göni gepleşik geçirmegiň ýeke-täk ýoldugyny mälim etdi.

“Bu örän kyn, hatda mümkin bolmadyk karardy. Ýöne gynansak-da, bu formatda de-fakto häkimiýetler owgan raýat jemgyýetleri bilen bir stoluň başynda oturmazlar" diýip, ol aýtdy.

Russiýa we Aziýa ýurtlary bilen şertnamalar

Owganystan azyk we gaz söwdasyndan başlap, geosyýasat meselelerine çenli onlarça ýyl bäri Russiýany gyzyklandyryp gelýär. Çeçen söweşijilerini goldamagy sebäpli Russiýa "Talybany" 2003-nji ýyldan bäri terrorçy hökmünde resmi taýdan ykrar edýär. Ýöne rus häkimiýetleri azyndan 2018-nji ýyldan bäri "Talyban" bilen işjeň gepleşik geçirýärler. Rus diplomatlary aýallara garşy alyp barýan syýasaty sebäpli "Talybany" açyk tankyt etseler-de, "özygtyýarly häkimiýetleriň" içerki işlerine goşulmajakdygyny-da aýdýarlar.

"Talyban" kanuny statusyna garamazdan, Orsýetde gepleşikler geçirmek üçin, ýygy-ýygydan baryp durýar. 2024-nji ýylyň baharynda owgan delegasiýasy Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Eýýäm 2024-nji ýylyň oktýabrynda, Owganystan boýunça Moskwa formatynyň çäklerinde, Orsýetiň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow Orsýetiň tiz wagtdan "Talybany" terrorçylaryň sanawyndan aýyrjakdygyny aýtdy.

“Talybanyň” wekili Abdul Salam Hanafi 2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwa eden saparynyň çäginde, rus mediasyna öz pikirini aýdýar.

FSB-niň başlygy Aleksandr Bortnikowyň aýtmagyna görä, "Talybanyň" terrorçylaryň sanawdan aýrylmagynyň sebäbi Orsýetiň we "Talybanyň" "Yslam döwleti" toparynyň owgan ganaty bolan "Wilaýat Horasanyň" jeňçilerine garşy göreşde umumy gyzyklanmasydyr. Dünýäniň köp ýurtlarynda terrorçy hökmünde ykrar edilen bu topar şu ýylyň martynda Krokuc Citi Hola hüjüm gurady. Onda 150-ä golaý adam öldi we 550-den gowragy ýaralandy.

Sentýabrda Gyrgyzystan "Talybany" gadagan edilen guramalaryň sanawyndan çykardy. Bişkek öz kararyny sebitara gepleşikleri goldamak hem-de energetika, peýdaly magdanlary gazmak, infrastruktura taslamalary we senagat ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek islegi bilen düşündirdi.

Iýun aýynda Gazagystan hem “Talybany" terror guramalarynyň sanawyndan çykardy. Astana "Talyban" häkimiýete eýe bolandan soň, Kabula resmi delegasiýalary gaýta-gaýta iberdi. Şeýle-de, olar bilen söwda şertnamalaryny baglaşmagyň mümkinçilikleri barada gepleşikler geçirdi. Hatda mundan öň hem "Talyban" delegasiýasy 2023-nji ýylyň tomsunda Astanada geçirilen biznes-foruma gatnaşdy. Onda taraplar ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary 3 milliard dollara ýetirmek barada ylalaşdylar. Gazagystan Owganystanda demir ýollary abatlamak boýunça hem "Talyban" bilen şertnama baglaşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň ýörite wekili Eržan Kazyhanow (ortada) we "Talybanyň" wekilleri 2021-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Kabulda geçirilen gepleşikleriň dowamynda

"Un we bugdaý ýaly adaty önümlerden başga-da, ýurtda öndürilýän metallaryň, mineral dökünleriň we beýleki önümleriň iberilmegi başlandy. Owganystandan getirilýän oba hojalyk önümleri bilen birlikde, tekstil peýda boldy. Biziň aktiw işleşmäge zadymyz bar» diýip, Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin aýdýar.

Energetika we gazylyp alynýan magdanlar ulgamynda Owganystan bilen hyzmatdaşlyk köp ýurtlarda esasy gyzyklanma döredýär. Orsýetiň Owganystandaky söwda merkeziniň başlygy Rustam Habibulliniň aýtmagyna görä, 2024-nji ýyla çenli Russiýa bilen Owganystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard dollara ýetipdir. Gaz we nebit önümleri söwdanyň esasy ugurlaryny düzýär.

Şuňa baglylykda, Türkmenistan hem Gazagystan "Talyban" bilen iri logistika merkeziniň gurluşygy boýunça goşmaça ylalaşyk baglaşdylar. Bu ylalaşyga laýyklykda, beýlekiler bilen birlikde, Russiýadan Günorta Aziýa ýurtlaryna nebit we gaz geçirmek üçin hem ulanylar. Öz gezeginde Türkmenistanyň häkimiýetleri ol gaz geçirijiniň türkmen gazy üçin hem ýurt üçin möhüm girdeji serişdesine öwrüljekdigine umyt edýärler.

Awgust aýynda Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow resmi sapar bilen Kabula bardy. Saparyň dowamynda ýurtlar energetika, oba hojalygy we senagat pudaklarynda 2,5 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler. Bu "Talyban" häkimiýete gelenden bäri Owganystana iň ýokary derejeli resminiň sapary boldy.

“Talyp” resmileri esasan Russiýa, Eýran, Hytaý, Pakistan, Özbegistan we sebitiň beýleki ýurtlary bilen gazylyp alynýan baýlyklar barada, ýüzlerçe şertnama gol çekendiklerini aýdýarlar.

"Talybanyň" esasy hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaýy belläp geçmeli. Pekin 2021-nji ýylda "Talyban" häkimiýete gelen badyna diýen ýaly, gatnaşyk saklap başlady. Mälim bolşy ýaly, Hytaý "Talybany" resmi taýdan ykrar etmese-de, 2023-nji ýylda bu ýurda täze ilçi bellän ilkinji ýurt boldy. Bu döwürde taraplar ýer asty baýlyklary özleşdirmek, Owganystandan mis we litiý eksport etmek boýunça milliardlarça dollarlyk şertnamalara gol çekişdiler. 2023-nji ýylda "Talyban" we döwlet eýeçiligindäki hytaý nebit we gaz kompaniýasy ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Amyderýa basseýninde nebit çykarmak boýunça 25 ýyllyk ylalaşyga gol çekdiler. 2024-nji ýylda Hytaýyň Kabuldaky ilçisi Owganystana gümrüksiz söwda hyzmatdaşlygyny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Owganystanyň gündogaryndaky Lahor welaýatynyň Mes Aýnak mis magdan taslamasynyň açylyş dabarasynda “Talyban” we Hytaý hökümetiniň resmileri. 2024-nji ýylyň 24-nji iýuly. Bu sebitde misiň we litiniň Ýewraziýadaky iň uly gatlaklary ýerleşýär.

Hytaý bilen Pakistan "Talybanyň" haýyşy boýunça Owganystanyň Hytaýyň esasy infrastruktura taslamasy "Bir guşaklyk – bir ýol" ulgamynyň biri bolan Hytaý-Pakistan ykdysady koridoryna gatnaşmagy barada ylalaşdylar. Munuň özi ýurtlaryň ulag-söwda infrastrukturasynyň ösdürilmegine milliardlarça dollarlyk maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar.

Talyplar BRICS sammitlerine goşulmak we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmak niýetini beýan etdiler. Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň ykdysadyýeti durnukly bolan badyna Owganystanyň ŞHG gatnaşmagyny goldajakdyklaryny aýtdylar. Emma bular "Talybanyň" häkimiýetiniň gutarnykly ykrar edilmegini aňlatmaz.

Owganlaryň yzyna ugradylmagy

ABŞ we NATO ýurtlary Owganystandan öz goşunlaryny çekenden 3 ýyl soň, ýagny "Talyban" häkimiýeti ele geçirenden bäri, Halkara Migrasiýa Guramalarynyň maglumatyna görä, 3,5 milliona golaý owganly ýurdy terk edipdir.

Guramalaryň maglumatlaryna görä, bosgunlaryň aglaba bölegi köp ýurtlarda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu kynçylyklar wiza almakda, zähmet bazaryna girmekden ýüz öwürmekde, maliýe goldawlarynyň ýetmezçiliginde, ýowuz daraşmak we adam söwdasynyň gurbany bolmak howpunyň artmagynda ýüze çykýar. Şeýle-de, öz watanlarynda gynamalara, hatda ölüm jezasyna sezewar bolmagy mümkin owgan raýatlarynyň deportasiýa edilmegine degişli ýagdaýlar hem bar.

Owganystan bilen serhetleşýän Pakistanyň häkimiýetleri 2024-nji ýylyň tomsunda owgan bosgunlaryny sürgün etmek programmasynyň ikinji tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdiler. Olar 800 müňe golaý adamy ýurtdan çykarmagy planlaşdyrýarlar. 2023-nji ýylda olar eýýäm 540 müňe golaý adamy çykarypdy.

Eýran hem owganlary köpçülikleýin yzyna sürgün edýär. "Talybanyň" maglumatyna görä, Tähran her gün iki müňe golaý adamy Owganystana sürgün edýär. Şeýle-de, Eýranyň polisiýa baştutany 2025-nji ýylyň baharyna çenli häkimiýetleriň gaçybatalga gözleýän ýa-da ýurtda dokumentsiz galmak isleýän iki milliona golaý owganlyny yzyna ugratmagy planlaşdyrýandygyny habar berdi.

2021-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi adamlaryň gynamalara ýa-da ölüm jezasyna sezewar bolmagy mümkin ýurtlaryna deportasiýany gadagan edýän kanun kabul etdi. Muňa garamazdan, Germaniýa 2024-nji ýylyň tomsunda owganlaryň sürgün edilmegini dowam etdirdi. Awgust aýynda Owganystanyň 28 raýatynyň Germaniýadan watanyna sürgün edilendigi belli boldy.

Germaniýanyň resmi hökümet wekili Şteffen Hebestreýt olaryň "höküm edilen jenaýatçylardygyny we Germaniýada bolmaga hakynyň ýokdugyny" düşündirdi. Sürgün edilmek baradaky karar Owganystandan gelen bosgunlar bilen bagly iki sany adam öldürmek hüjüminden soň kabul edildi. "Talyban" häkimiýete gelensoň, Germaniýa Owganystan bilen diplomatik gatnaşyklary kesdi, şoňa görä-de, owganlary sürgün etmek meselesi Katardaky aralykçylaryň kömegi bilen çözüldi.

Awstriýa hem Germaniýa goşulmak kararyna gelip, öň öz ýurdunda höküm edilen Owganystandan we Siriýadan gelen bosgunlary sürgün etmek niýetini bildirdi. Awstriýanyň häkimiýetleri sürgün edilmek barada karara gelmezden öň her bir işiň aýratyn barlanjakdygyny aýtdy.

Türkiýe hem owganlary yzyna gaty köp ugradýar. Diňe 2021-nji we 2022-nji ýyllarda, Türkiýe resmi maglumatlara görä, 166 müňden gowrak adamy Owganystana ugradypdyr. Olaryň käbiri öz watanyna erkin dolanjakdygy baradaky dokumentlere gol çekmäge mejbur boldular.

"40 million owgan diňe bir "talyban" däl"

Owganystanyň Kanadadaky we Fransiýadaky öňki ilçisi Omar Samad 2021-nji ýylda ýurtdan çykmaga mejbur boldy. Onuň pikirine görä, sowuk urşuň ýyllarynda bolşy ýaly, dünýä ýene-de iki geosyýasy bölege bölünýär. Bu esasan hem Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky uruşlaryň fonunda aýratyn bildirýär. "Talyban" Owganystanyň geosyýasy ähmiýetine we güýçli döwletler bilen bäsdeşligine gowy düşünýär, şoňa görä-de olaryň arasynda sazlaşyk saklamaga çalyşýar” diýip, diplomat hasap edýär.

"Sebit ýurtlary "Talyban" bilen işleşmek barada karara geldiler, ýagdaý hakykat ýüzünde şeýle. Her tarapyň öz bähbitleri bar. Her biri-de peýdaly ylalaşyk baglaşjak bolýar" diýip, Omar Samad aýdýar.

Aýallar hem çagalar Kabuldaky çörek kärhanasynyň öňünde mugt çöregiň paýlanmagyna garaşýarlar. 2021-nji ýylyň oktýabry

Talyplar ýurda maýa goýumlaryny çekmäge çalyşýarlar, ýöne korrupsiýa, işsizlik we garyplyk barha ýokary bolmagynda galýar. Owganystanlylar bu şertnamalardan esasy peýda görüjileriň "Talyban" režimi bolýanlygyna närazylyk bildirýärler. Ýurtda adam hukuklary meselesi asla ikinji orna geçdi.

"Emma 40 million owgan ýurtda hökümeti basyp alan diňe bir "Talyban" däl – diýip, öňki ilçi Omar Samad aýdýar. – Owganystanly aýal-gyzlaryň ýaşaýan şertindäki ägirt uly garyplygy we heläkçilige alyp barýan rehimsiz şertleri unutmalyň. Olara halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň we ynsanperwer kömeginiň gönükdirilmegi gerek".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.