'Çagalar öýünde gören görgülerim'. Türkmenistanda ýetim çagalar zorluga duçar bolýar

Çagalar öýi (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň ýetimler öýündäki ýagdaý, çagalaryň durmuşy we olaryň ulalandan soňky ykbaly barada maglumat az. Ýurtda hossarsyz galan çagalaryň sany, ýetimler öýleri we olardaky şertler barada resmi maglumat elýeterli däl. Döwlet mediasynda ýetimler barada çap bolýan maglumatlar diňe BAE-niň maliýe goldawynda 1998-nji ýylda açylan we türkmen prezidentiň howandarlygynda dolandyrylýan ýeke-täk çagalar öýüne degişli. Emma Aşgabatda ýerleşýän we "Döwletliler köşgi" diýlip atlandyrylýan bu çagalar öýi diňe 420 çaga niýetlenen, ýurtdaky galan ýetim çagalaryň ykbaly nähili?

Azatlyk Radiosy Marynyň ýetimler öýünde ulalan zenan bilen söhbetdeş boldy. Biz howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň adyny üýtgedip, Mahym diýip tutýarys.

27 ýaşly Mahymyň çagalar öýündäki döwri barada ýatlamalarynyň köpüsi açlyk, kemsitme, sütem we zorluk ýaly ýagdaýlar hem-de gorky we alaçsyzlyk duýgulary bilen bagly.

"Çagalar öýünde her dürli işgärler bardy. Erbedi hem bardy, gowusy hem. Emma çagalar öýüniň direktory we käbir terbiýeçiler gaty erbetdi" diýip Mahym Mary şäherindäki çagalar öýüni ýatlaýar.

"Meniň joram Aýşa kiçiliginden elmydama çagalar öýünden gaçardy. Ol çagalar jaýyň içindäki zatlaryň birini tötänleýin döwse, ýa-da terbiýeçiniň buýuran işini etmedik ýagdaýynda terbiýeçimiz köpçüligiň gözüniň öňünde: "Ýetimek, itden bolan gurbanlyga ýaramaz, adama meňzeş jandar sen" diýip, kemsidierdi we urardy. Aýşanyň el-aýagy urgulardan ýaňa elmydama gökdi. Aýşanyň häsiýeti gödekdi we ol erkin sözleýän gyzdy. Terbiýeçimiz köplenç Aýşany rehimsizlik bilen ezerdi. Elbetde terbiýeçiler bizide ýençýärdiler. Meni köplenç budumdan ýa-da göwsümden çümmüklärdiler".

Degişli maglumat Türkmenistanda ýetimler öýünde ulalanlar garrylar öýüne düşýär

Mahym ýetginjeklik ýaşyna ýeten oglan gyzlaryň arasynda ogryn jynsy gatnaşyga girýänleriň bolandygyny gürrüň berýär. Gyzlaryň köpüsi çagalar oýündäki halaşýan oglanlary bilen bolardylar diýip, Mahym ýatlaýar:

"15 ýaşymdakam Aýşa göwreli boldy. Ýetimler öýüniň direktory işinden kowulmak gorkusy bilen gizlin abort etdirmek üçin Aýşany bir lukmana alyp gitjek bolanda, Aýşa oňa razy bolmady. 'Men ýetimek, ýöne men çagamy berjek däl' diýip , çagalar öýünden gaçmakçy boldy. Birnäçe aýdan soň onuň çagasy düşdi. Ýetimler öýünde Aýşa iýýän naharyna çaga düşürýän derman berdiler diýilen myş-myşlar ýaýrap başlady. Ondan soň Aýşa ruhy taýdan hassa boldy. Ony ruhy kesel hökmünde hassahana ugratdylar. 'Polisiýa işgärleri sizden bir zat sorasa aýdaýsaňyz, günüňizi dowzaha owüreris' diýip, terbiýeçiler we direktor bize haýbat atdy. Men ýetimler öýünden çykanymdan soň, Aýşanyň aradan çykanlygyny eşitdim".

Şeýle-de, Mahym ýetimler öýünde ýetginjekleri jynsy gatnaşyga mejbur edýän terbiýeçiniň hem bolandygyny ýatlaýar.

"Begli atly bir polisiýa işgäri bardy. 18 ýaşyna ýetmedik gyzlarymyza lak atardy. 2013-nji ýylyň güýzünde bize bir täze terbiýeçi geldi. Terbiýeçimiz Begliniň garyndaşy ekeni. 15-17 ýaşly gyzlaryň içinden owadanlaryny saýlap, 'Begli saňa islän zadyňy alyp berer, 18 ýaşyň dolanda saňa öýlener, saňa jaý berer' diýip, şol polisiýa işgäri bilen gezmäge mejbur edýärdi. Ýüz öwüren gyzlary bolsa, ýenjerdi. Polisiýa ýa-da başga bir edara ýüz tutmaklyk aklymyza hem gelmezdi. Polisiýa biziň gözümizde 'jeza beriji' ýer bolup görünýärdi".

Mahym çagalar öýünde käbir çagalar düýpden hossarsyz bolsa, käbirleriň hossarynyň bardygyny gürrüň berdi. Emma ýetimler öýünde terbiýelenýän çagalaryň umuman hossarlary bolmasa ömri uly howp astynda diýip, Mahym aýdýar.

Ýetimler öýünde ulalyp, kämillik ýaşyna ýeten ýaşlaryň hiç bir hossary bolmasa, olar has-da uly töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Hökümet tarapyndan berilmeli jaýlary bermejek bolup, oglan ýetimleri käte ruhy keseller hassahanasyna ýerleşdirilýär.

"Timur atly oglan, Lebap welaýatynyň ruhy keseller hassahanasyna ýerleşdirildi. Onuň hiç-hili hossary ýokdy. Timur gaty akylly we rahat oglandy. Beýleki oglanlar ýaly ogurlyk hem etmezdi. Ýetimler öýüni tamamlap, hökümet tä jaý berýänçä we özi gazanç edip, kireýine jaý tutýança tanyşynyň öýünde ýaşap başlady. Jaýa nobata durdy. Birnäçe ýyl garaşdy, emma hökümet oňa jaý bermedi. Ol çydaman dawa edip başlady. Timury edýän dawalary üçin jezalandyrdylar. Häkimlikde dawa edýän mahaly, polisiýa işgärlerini çagyryp, ony 72 sagat izolýatorda sakladylar".

Mahym Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, polisiýa işgärleriniň islendik adamy 72 sagadyň dowamynda saklamaga hakynyň bardygyny belläp, ondan soň ýigidi ruhy hassahanasyna ýerleşdirendiklerini gürrüň berdi.

"Timur häzirki güne çenli ruhy hassahanasynda ýaşaýar. Ol daşa hem çykarylmaýar".

Degişli maglumat Lebapda täze doglan çagalaryndan ýüz öwürýän ene-atalar köpelýär

Çagalar öýündäki umumy şertleriň agyrlygy zerarly döwletiň garamagyndaky ýetimler çagalykdan horluk görüp ulalýarlar.

"Elmydama iýmit aladasy bardy. Terbiýeçiler, aşpezler çagalar üçin döwlet tarapyndan berilýän azyk harytlaryny öýlerine äkiderdiler. Makaron zawodyna bomba düşsün diýip, arzuw ederdim, sebäbi esasy iýmitimiz makarondy. Daşdan haýyr-sahawat gelen güni biziň üçin bir şatlykly gündi" diýip Mahym ýatlaýar.

Kadaly bilim almak mümkinçiligi hem çagalar öýünde terbiýelenýänlere elýeterli däl.

"Göräýmäge döwlet bizi hem okatmaly, ýöne biz mugallymlary aýda ýa-da her iki aýda bir gezek görerdik. Bir mugallym birnäçe sapagy okadardy. Şeýlelikde ýetimler öýünde ýetişen çagalaryň aglabasy sowatsyz, ýagny okap hem ýazyp bilmeýärler. Bize okuwyň peýdasy barmy, diýerdiler".

Mahymyň gürrüň bermegine görä, 12 ýaşdan geçen oglan-gyzlar tomus aýlarynda elmydama pagta ýygymyna we beýleki işlere çekilerdi.

"Oglan-gyzlar bilen pagta ýygmakda ýaryşardyk. Ýer eýesi bizi naharlardy, giçlik bolsa detdoma dolanýardyk. Kämahallar terbiýeçiler çagalary öýlerinde işlederdiler".

Degişli maglumat Welaýat ýetimler öýlerine Arkadagdaky ýetimler öýüne çaga ibermek tabşyryldy

Mahym öz başdan geçiren ýagdaýlary barada gürlemegiň özüne örän agyr düşendigini, emma meselä ünsi çekip, ýetim çagalaryň ykbalyna jemgyýetçilik tarapyndan üns berilmegini isleýändigini aýtdy.

"Men daşary ýurda gaýdanymdan soň, nähili bolsa-da özümiň sesimi eşitdirmek isledim we meniň ýaly ýetimleriň ykbalyny köpçülige ýetirmegi özüme söz berdim. Enesiz-atasyz ýaşaýan ýetimleri durmuş eýýäm jezalandyrdy, hökümet bizi jezalandyrmasyn! Biziň ejizligimizden peýdalanmasyn! Näçe ýetim çaga ýetimler öýünden soň, özüniň janyna kast edýär?! Näçesi jenaýatçy bolýar?"

Mundan öň çaglar öýünde ulalan ýetimleriň dessine garrylar öýüne ýerleşdirilýändigi habar berlipdi. Kanun boýunça 18 ýaşyna ýeten ýetim çaga döwlet tarapyndan jaý berilmeli, emma iş ýüzünde jaý bermegiň ýerine olara garrylar öýünde otag berilýär. Ýaňy kämillik ýaşyna ýeten ýaş naçarlaryň garrylar öýünden hiç wagt çykmaýan halatlary bolýar.

Türkmenistan tebigy baýlyklary öndürip, daşary ýurtlara eksport etmekden girdeji görýän ýurt, emma ýurt ilaty 30 kyl bäri iňňän agyr sosial-ykdysady şertlerde ýaşaýar. Ilatyň aglaba bölegine kadaly iýmitlenmek we saglygyny bejermek ýaly hyzmatlar elýeterli däl.

Türkmen hökümeti ýurtdaky garyplygy we sosial problemalary agzaman, nägilelikleriň öňüni almak üçin ilata gysyşyny artdyrýar.

Degişli maglumat Welaýat ýetimler öýlerine Arkadagdaky ýetimler öýüne çaga ibermek tabşyryldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.