Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ähli adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyny kabul etdi.
Milletler Guramasynyň şol wagtky 58 agzasynyň 48-si jarnamanyň kabul edilmegini goldap ses berdi, sekiz agza ses bermekden saklandy, iki agza ses berişlige gatnaşmady, şeýle-de hiç bir agza döwlet bu jarnamanyň garşysyna ses bermedi.
Dünýäde Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň yz ýany, halkara parahatçylygyny gorap saklamaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, hem-de ýurtlaryň arasynda medeni, ykdysady, durmuş we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjek iri halkara guramasynyň esaslandyrylmagyna zerurlyk ýüze çykdy. Şeýlelikde, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Birleşen Ştatlarda Birleşen Milletler Guramasy esaslandyryldy we öz işine başlady.
Birleşen Milletler Guramasyna Birinji jahan urşunyň yz ýany esaslandyrylan Milletler ligasynyň oruntutary hökmünde garaldy.
1946-njy ýylyň ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary Geňeşi esaslandyryldy.
Gurama haýal etmän bütin ýer şarynda ynsan hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň üstünde işläp başlady. Şolaryň hatarynda, ynsan hukuklaryny goramaga gönükdirilen iň naýbaşy halkara resminama, Adam hukuklarynyň Ähliumumy jarnamasy kabul edildi.
Jarnama 30 maddadan ybarat bolup, adamyň jynsyna, teniniň reňkine, dinine, diline, syýasy garaýyşlaryna, milletine, sosial gelip çykyşyna, emläk eýeçiligine ýa-da başga durumyna garamazdan, hemmeler üçin ynsan mertebesine mahsus hukuklary we azatlyklary kepillendirýär.
Jarnamanyň kabul edilmeginden bäri 75 ýyl geçdi. Käbir ýurtlarda adamyň ortaça ýaşyna barabar bolan 75 ýylyň dowamynda dünýäde ençeme üýtgeşiklikler we özgerişler bolup geçdi. Bir döwür ýaranlyk güýçleriň esaslandyran Milletler Guramasyna aradan geçen ýyllaryň dowamynda täze-täze döwletler goşuldy.
Uruşlardan, pandemiýalardan, serhetüsti terror wehimlerinden, migrasiýa tolkunlaryndan, käbir sebitlerde milletparaz düşünjeleriň möwjemeginden, jynsparazlyk ýaly ynsan mertebesini kemsidiji meýillerden we başga-da birnäçe halkara howplardan ejir çeken ýer şary Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagy bilen düýbi tutulan dünýä tertibini agyr synaga salýar.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany 10-njy dekabr – Adam hukuklarynyň gününe bagyşlanýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar