Adam hukuklaryny depelemekde tankytlanýan Türkmenistan Ženewada adam hukuklary boýunça çäre geçirdi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew (arhiw suraty)

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy “Adam hukuklary we ösüş hukugy” temasynda çäre geçirdi.

Resmi maglumatda 2-nji oktýabrdaky bu çäräniň BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisine ugurdaş geçirilendigi, şeýle-de onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde gurnalandygy aýdylýar.

Çärä halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça bilermenler hem gatnaşypdyr.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyşynda “adam hukuklarynyň esasy şerti hökmünde ösüş hukugynyň möhümdigini” belläpdir. Ýöne maglumatda türkmen wekiliniň munuň bilen nämäni göz öňünde tutandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Hajiýew Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini hem öňe sürüpdir.

Türkmenistan adam hukuklary, metbugat azatlygy, dini erkinlik ýaly möhüm azatlyklar baradaky halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip gelinýär.

Türkmen wekilleriniň Ženewada geçen çärede bular barada mesele gozgap-gozgamandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.