Adalatçynyň täze hasabatynda 'gazanylan üstünlikler' tekrarlandy

Türkmen resmileri

Türkmenistan adam hukuklary boýunça ygyýarly wekiliň nobatdaky hasabatyny çap etdi. Dokuz bapdan ybarat hasabat “Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty” diýlip atlandyrylýar. Maglumat üçin aýdylsa, Adalatçynyň edarasy, türkmen resmileri Azatlygyň habarçylarynyň adam hukuklarynyň gödek bozulýan halatlary barada gowuşýan maglumatlar barada berýän soraglaryna jogap bermeýär.

Emma bu maglumat, adatça bolşy ýaly, türkmen metbugatynda gündelik diýen ýaly gaýtalanýan ‘üstünlikleri’ ýene bir gezek tekrarlaýar we ýurtda onlarça ýyl bäri dowam edýän hukuk çäklendirmeleri, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni azatlyklaryň çäklendirilmegi bilen bagly meselelere çuňňur aralaşmaýar.

Emma muňa garamazdan, hasabatda azatlykdan mahrum edilenleriň ýa-da çäklendirilen raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi bilen bagly käbir maglumatlar aýan edilýär.

Aýdylmagyna görä, adalatçy 2023-nji ýylda diňe bir tussaglaryň jeza çekýän düzediş edaralarynda däl-de, deslapky tussag ediş ýerlerinde, saglyklaryny bejeriş ýerlerinde, TIIM-niň Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/14, MR-E/15 edaralaryna baryp barlag geçiripdir.

“…bu edarada saklanylýanlar üçin niýetlenen 160 orunlyk bina 1964-nji ýylda, 150 orunlyk bina bolsa 1984-nji ýylda gurlupdyr”,

Hasabat binalaryň könelşenligiini, bu edarada saklanylýanlaryň ýatýan otaglarynyň sanitariýa we gigiýena şertleriniň TJÝÝK-niň 71-nji maddasynyň talaplaryna doly laýyk gelmeýänligini aýdýar.

Degişli maglumat Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär

Türkmen türmelerindäki umumy ýagdaý, gynamalar we näsaglyk, ölüm hadysalary ýurduň iň bir ýapyk meseleleri bolup, hukuk goraýjylar, garaşsyz žurnalistler we aktiwistler bu meseleleri uzak ýyllar bäri gozgap gelýärler. Emma adalatçy tussaglar bilen ikiçäk duşuşanda, ýekelikde gürrüňdeş bolanda, olaryň jenaýat işleri boýunça käbir takyklaýjy soraglarynyň bolandygyny, eden etmişlerine ökünip, möhletinden öň şertli boşadylmak ýaly meselelerden başga arz-şikaýatlarynyň bolmandygyny aýdýar.

Türkmenistanlylar ýurtda dowam edýän agyr işsizlik, durmuş üpjünçiligi meselesinde hem şikaýat edip gelýärler. Emma hasabatda geçen ýyl Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli 5 sany ýazmaça ýüztutmanyň gelip gowşandygyny, ol arzalaryň biriniň kanagatlandyrylandygy aýdylýar.

Ýurtdaky işsizleriň anyk sany aýdylmasa-da, hasabatda geçen ýyl iş gözleýän 24 964 raýatyň bellige alnandygy, olaryň 16 393 sanysynyň, ýagny 65 % den gowragynyň işe ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Mundan başga, adalatçy geçen ýyl amala aşyrylan 29 sany taslamanyň hasabyna 1164 sany täze iş ornunyň döredilendigini belleýär we, öz diwanyna işe ýerleşmek üçin ýüz tutan 42 işsiziň diňe biriniň arzasynyň kanagatlandyrylandygyny aýdýar.

Adalatçynyň hasabatynda başga-da geň ýagdaýlar bar we bu täsin maglumat bilen dolulygyna türkmen metbugatynda tanşyp bilersiňiz.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.