ABŞ ýaraglarynyň Russiýanyň has içine hüjüm etmek üçin ulanylmagyna rugsat berlendigi aýdylýar

Amerikan metbugaty prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Ukrainanyň ABŞ tarapyndan berlen ýaraglary Russiýanyň has içine zarba urmakda ulanmagyna girizilen çäklendirmeleri ýatyrandygyny habar berdi.

"Nýu-Ýork Taýms" gazetiniň, AP we “Roýters" habar gulluklarynyň 17-nji noýabrda beren habarlarynda bu meseleden habarly çeşmelere salgylanyldy. Ak tam bu habarlar barada düşündiriş bermedi.

Eger-de tassyklansa, Kiýewiň uzak wagt bäri edýän haýyşlarynyň bitirlmeginiň arasynda, bu ABŞ syýasatynda bolan möhüm özgerişlik bolar.

"Roýters" habar gullugy öz çeşmelerine salgylanyp, anyk maglumat bermezden, Kiýewiň ýakyn günlerde şeýle uzak aralyk hüjümleriniň ilkinjisini amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Ukrainanyň bu hüjümlerde 300 kilometre çenli aralygy ýetýän ATACMS raketalaryny ulanmagy mümkin diýip, “Roýters” bu meseleden habarly üç çeşmä salgylanyp aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu habary tassyklamady, ýöne "raketalaryň öz atlaryndan özleriniň gürlejekdigini" we "beýle zatlaryň yglan edilmeýändigini" aýtdy.