2-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň uçaryny, ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozandygyny aýdyp, Dominikan Respublikasynyň üstünde saklady we Florida tarap ýollady.
ABŞ-nyň Adalat departamenti Maduro we onuň hökümet agzalary tarapyndan ulanylan Dassault Falcon 900EX uçarynyň, “bikanun satyn alnandygyny” belledi.
“Adalat departamenti bir galp araçy kompaniýanyň üsti bilen 13 million dollara bikanun satyn alnan, şeýle-de Maduro we onuň şärikleri tarapyndan ulanylmagy üçin, Birleşen Ştatlardan gaçakçylyk ýollar bilen çykarylan uçary saklady” diýip, baş prokuror Merrik Garland beýanat bilen çykyş etdi.