ABŞ saýlawlara esasy täsir wehiminiň Russiýadan, Eýrandan we Hytaýdan gelýändigini aýdýar

ABŞ-nyň saýlawlarynda Demokratik partiýadan dalaşgär Kamala Harris bilen Respublikançylardan kandidat Donald Tramp 10-njy sentýabrda debat geçirýärler.

Birleşen Ştatlar Russiýanyň, Eýranyň we Hytaýyň, emele aň arkaly ýalan maglumatlary ýaýradyp, 5-nji noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna gatyşmak synanyşyklaryny dowam etdirmegine garaşýar diýip, Içerki howpsuzlyk departamentiniň 2-nji oktýabrda ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Departament bu üç döwleti ABŞ-nyň möhüm infrastrukturasyna daşardan iň uly wehimi abandyrýan ýurtlar hökmünde häsiýetlendirýändigini, we munuň ýene şeýle saklanmagyna garaşýandygyny belledi.

Geçen hepde Adalat departamenti wise-prezident, şeýle-de Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Kamala Harris barada ýalan maglumatlary ýaýradan San-Fransiskodaky bir galp tele-kanalyň arkasynda Russiýanyň durandygy baradaky maglumatlary äşgär etdi. Hakyna tutulan oýunçylar galp bir gepleşigi sahnalaşdyryp, onda Kamala Harrisiň, hamala, bir adamy ulagynda kakyp, soňy bilen hem wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidendigi baradaky ýalan maglumaty ýaýradypdy.

ABŞ munuň arkasynda Russiýanyň “täsir aktýorlarynyň” durandygyny aýtdy. Maglumatda hut şu “täsir aktýorlarynyň” migrantlar barada dürli habarlary ýaýradyp, jemgyýetde bölünişigi döretmegi maksat edinendikleri hem bellenilýär.