Birleşen Ştatlar, Russiýanyň Ukrainadaky uruş tagallalarynyň öňüni almak maksady bilen, indiki hepdeden gijä galman täze sanksiýalary yglan eder diýip, ABŞ-nyň Gazna sekretary Janet Ýellen 22-nji oktýabrda aýtdy.
Sanksiýalar Russiýany goşunyň ulanýan möhüm zatlary bilen üpjün edýän ýurtlardaky ikinji derejeli kärhanalary nyşana alar diýip, Ýellen Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä Bankynyň ýyllyk duşuşyklary üçin Waşingtonda ýygnanan dünýä maliýe ýolbaşçylaryna aýtdy.
"Biz Kremliň uruş maşynyna ýardam edýänlere, şol sanda Russiýany harby babatda zerur zatlar bilen üpjün etmäge goşant goşýan üçünji ýurtlaryň araçylaryna gönükdirilen täze, berk sanksiýalary aýan ederis” diýip, ol metbugat ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.