Birleşen Ştatlar Russiýany, Kremliň howandarlygyndaky media serişdeleriniň we onlaýn platformalarynyň üsti bilen, ABŞ-daky 2024-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna täsir etmek synanyşygynda aýyplady.
Adalat departamentiniň 4-nji sentýabrdaky maglumatynda bu platformalaryň üsti bilen amerikanlara ýalan maglumat bermek we rus propogandasyny ilerletmek maksat edilýändigi bellenilýär.
Kreml ozalky Russia Today, häzir RT atlandyrylýan media ulgamy we beýleki Internet platformlarynyň üsti bilen, amerikan saýlawçylaryny nyşana alyp, olara ýalan maglumatlary ýetirýär diýip, departament belledi.
Beýanatda Kremliň propogandasynyň esasy tagallalarynyň RT-niň üsti bilen amal edilýändigi hem nygtalýar.
Departament “Rus hökümeti tarapyndan gönükdirilýän daşary ýurtlarda ýaramaz täsir etmek kampaniýalarynda” ulanylýan 32 Internet domeniniň ele salynandygyny hem mälim etdi.