Birleşen Ştatlar Russiýa bilen “uzak möhletleýin” gapma-garşylyga taýýar bolmaly, bu awtoritar prezident Wladimir Putiniň syýasy arenadan gitmeginden hem soň tamamlanmaz diýip, iki partiýanyň wekilleriniň hem gatnaşmagyndaky komissiýanyň taýýarlan täze hasabatynda aýdylýar.
Ukrainanyň söweş meýdanynda Russiýany ýeňmegi, bu gapma-garşylykda üstünlik gazanmak üçin kesgitleýjidir, bu sebäpli-de Waşington Kiýewiň ýeňişini kepillendirmek üçin elinden gelýän ähli tagallany etmeli diýip, ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň 30-njy sentýabrda hödürlän hasabatynda aýdylýar.
Bu Komissiýa 1975-nji ýylda, sowetler blogundaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek maksady bilen esaslandyrylypdy. Onuň düzümine Wekiller Öýüniň we Senatyň deň sandaky 18 wekili, şeýle-de häkimiýetiň ýerine ýetiriji şahasynyň üç agzasy girýär.
“Russiýanyň urşy we goňşularyny okupasiýa etmegini dowam etdirýän mahaly, parahatçylykly we durnukly Russiýa boýunça umytlar ýok” diýip, Komissiýa belledi.