ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris: syýasy ýol suratlarda

Kamala Harris 2019-njy ýylda dogduk mekany Oklend şäherinde wise-prezidentlige kandidat hökmünde kampaniýasyna başlady. Kaliforniýa ştaty, 2019-njy ýyl.

59 ýaşly Harris Kaliforniýanyň baş prokurory bolan ilkinji garaýagyz aýaldyr. Ol ABŞ-nyň Senatyna saýlanan ilkinji Günorta aziýaly we ikinji afrikaly amerikaly, şeýle hem ABŞ-nyň prezidentiniň orunbasary bolup gulluk eden ilkinji afrikaly amerikaly we asly Aziýadan çykan amerikaly zenan.

Harrisiň kakasy Ýamaýakadan, ejesi bolsa Hindistandan. Şu ýylyň başynda ejesi hakda Instagram hasabynda şeýle ýazdy.

“Meniň ejem doktor Şamala Gopalanyň ömründe iki maksady bardy: göwsündäki rak keselini bejertmek, meni we gyz jigimi terbiýeläp ýetişdirmek. Men ony her gün küýseýärin we ol hakda mydama oýlanýaryn. Men onuň gyzy bolanyma örän buýsanýaryn. Eneler günüñ gutly bolsun"

2011-nji ýylyň 17-nji fewralynda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Barak Obama (ortada) Kaliforniýanyň şol wagtky baş prokurory Harris (çepde) bilen salamlaşýar. Kaliforniýanyň wise-gubernatory Geýwin Nýusom (çepden ikinji) we San-Fransisko şäheriniň häkimi Edwin Li (sagda)

Harris San-Fransisko etrap prokurory bolup işe başlady. Ol bu wezipede 2004-2011-nji ýyllar aralygynda işledi, soňra Kaliforniýanyň baş prokurory wezipesine bellendi.

Kaliforniýanyň baş prokurory (2011-2017) hökmünde Harris jenaýat adalatyny özgertmek, daşky gurşawy goramak, nika deňligi ýaly meselelere üns berdi.

Harris 2012-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherinde geçirilen Demokratik partiýanyň Milli kongresinde çykyş edende, baş prokuror hökmünde milli abraýa eýe boldy.

Onuň spiker saýlanmagy Demokratik partiýadaky artýan abraýyny nygtady.

Harris 2013-nji ýylyň 30-njy iýunynda San-Fransiskoda geçirilen dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşýar.

LGBT jemgyýetini aktiw goldaýjy hökmünde Harris “8-nji teklibi” (2008-nji ýylda bir jynsdakylaryň nikasyny resmileşdirmegi gadagan edýän teklibi) ýatyrmak barada, ABŞ-nyň Ýokary kazyýetine ýüz tutýar. Onuň bu hereketi 2013-nji ýylda Ýokary kazyýetde apellýasiýa arzasyny ret etmek baradaky kararyna sebäp boldy we iş ýüzünde Kaliforniýada bir jynsdaky adamlaryň nikasyny resmileşdirmek açyklaşdyryldy.

Şol wagt ABŞ-nyň Baş prokurorydy bolan Erik Holder (ortada) we şol wagtlar Kaliforniýanyň Baş prokurory Harris (çepde) Los-Anjelesde etrap kazyýetinde "Günäkäre jeza bermek we alternatiw hökümler" programmasyny gutaranlara ýüzlenýärler. Kaliforniýa, 2014-nji ýylyň 24-nji oktýabry

Kaliforniýadan senator wagtynda (2017-2021) Harris prezident Donald Trampyň teklip eden Ýokary kazyýete dalaşgär Brett Kawano kesgin soraglar bermek bilen tanaldy.

Kawano 6-njy oktýabrda 48 sesiň garşy bolmagynda, 50 ses alyp, Ýokary kazyýetiň kömekçisi wezipesine tassyklandy.

Harris senator Kori Buker (Nýu-Jersiden demokrat) bilen 2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Senatyň Hukuk komitetiniň diňlenişiginde. Şol wagtlar ol Jorj Floýdyň öldürilmegi we polisiýanyň rehimsizligine garşy umumy milli protestleriň barşynda, hukuk goraýjy guramalarda doly reforma geçirmegiň tarapdary bolup, güýçli çykyş edýärdi.

Senatyň şol wagtky agzasy Harris öňki wise-prezident Jo Baýdene (çepde) onuň 1970-nji ýyllarda federal mekdepleriň desegregasiýa kanunyna öňki garaýşyny ýatladýar.

“Kaliforniýada ikinji synpda okaýan gyzjagaz bardy. Ol döwlet mekdepleriniň birleşdirilmeginden soň, her gün awtobusly mekdebe äkidýärdi. Şol gyzjagaz mendim" diýip, Harris şonda aýtdy.

Harrisiň aýdýan programmasy mekdepleri dargatmaga gönükdirilendi. Munuň üçin Berkliniň käbir sebitinden çagalary awtobus bilen beýleki ýerlerdäki mekdeplere äkidýärdiler.

Harris bilen Baýden 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Wiskonsin ştatynyň Milwauk şäherinde. Şol gün olar degişlilikde, resmi taýdan öz partiýasyndan wise-prezidentlige we prezidentlige kandidat boldular.
 

Harris we Baýden 2020-nji ýylyň awgustynda Delawer ştatynyň Wilmington şäherindäki Aleksis Dýupon okuw jaýynda geçirilen saýlaw kampaniýasynda. Baýden ABŞ-nyň saýlawlarynda Harrisi özüne wise-prezident wezipesine kandidat hökmünde tanyşdyrmagy bilen olaryň ilkinji gezek bilelikde peýda bolmagydy.

Elde çekilen plakatlar Baýden we Harris saýlanandan soň, 2020-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde ýoluň gyrasynda goýuldy.

Harris wise-prezident wezipesinde diňe bir afrikaly amerikan nesliniň ilkinji wekili bolman, eýsem bu ýurtdan çykan Aziýa nesliniň ilkinji wekili boldy.

Harris ABŞ-nyň wise-prezidenti hökmünde kasam kabul edýär, onuň ýanýoldaşy Dug Emhoff bolsa Mukaddes Kitaby tutup dur.

Baýdeniň ABŞ-nyň 46-njy prezidenti, Harrisiň bolsa wise-prezident hökmünde açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda, Waşingtonda ABŞ-nyň Kapitolyň öňünde geçirildi. Kolumbiýa okrugy, 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwary

Harris (çepde) we ABŞ-nyň wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosi Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Bahmutdan getiren Ukrainanyň baýdagyny saklaýarlar. Zelenskiý 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda ABŞ-nyň Kongresiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş etdi.

«Bahmut durýar – diýip, Zelenskiý elçarpyşmalar astynda aýtdy. – Ukraina öz pozisiýasyny saklaýar we hiç haçan bermez.»

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Kapitolyda geçirilen Kongresiň bilelikdäki ýygnagynda Baýdeniň çykyşyny Harris ör tutup garşylaýar. Gapdalda oturan Wekiller palatasynyň başlygy Maýk Jonson (Luizýanadan respublikançy)

Harris Demirgazyk Karolina ştatynda eden çykyşyndan soň Baýdeni gujaklaýar, 2024-nji ýylyň 26-njy marty.
Baýdeniň Tramp bilen telebäsleşikede başarnyksyz çykyşyndan soň, Harris syýasy taýdan gitdigiçe göze ilýär.