ABŞ-nyň täze sanksiýalarynda ýüzlerçe adam nyşana alyndy

Birleşen Ştatlar 30-njy oktýabrda onlarça ýurtda 400-e golaý guramanyň we şahsyýetiň garşysyna sanksiýa girizdi.

Waşington ol guramalaryň we adamlaryň Russiýany Ukrainada alyp barýan giň gerimli urşunda ulanýan ösen tehnologiýasy bilen üpjün edýändigini aýdýar.

Sanksiýalar we beýleki çäklendirmeler ABŞ-nyň Gazna, Döwlet we Söwda departamentleri tarapyndan bir wagtda çap edilen beýanatda yglan edildi.

Gazna departamenti 274 gurama we adama garşy sanksiýa girizse, Döwlet departamenti 120-den gowrak gurama we adama garşy sanksiýa girizdi.

Söwda departamenti bolsa, 40 kompaniýany we ylmy-barlag institutyny söwda çäklendirmeleriniň sanawyna goşdy.