ABŞ-nyň Döwlet sekretary we Russiýanyň daşary işler ministri telefon arkaly gepleşdiler

Russiýanyň we ABŞ delegasiýalary, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde geçirilen gepleşiklerde. 18-nji fewral, 2025-nji ýyl.

Russiýanyň we ABŞ delegasiýalary, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde geçirilen gepleşiklerde. 18-nji fewral, 2025-nji ýyl.

Döwlet departamentiniň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefon arkaly gepleşik geçirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beren beýanatynda Rubionyň Lawrowa ABŞ-nyň Ýemendäki husitlere garşy başlan harby operasiýasy barada aýdandygy bellenýär.

Mundan başga-da, Rubio we Lawrow Saud Arabystanyndaky duşuşyklaryndan soň mundan beýläk ediljek işleri ara alyp maslahatlaşdylar we Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmek boýunça işlerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Gepleşiklerden soň Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatyna görä, Lawrow Ýemendäki ýagdaý barada aýdyp, “mundan beýläk gan dökülmezligi” üçin ähli taraplaryň "güýç ulanylmagyny dessine bes etmegiň zerurdygyny" belläpdir.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 15-nji martda Ýemeniň demirgazygynyň köp bölegine gözegçilik edýän husitleriň pozisiýalaryna hüjüm etmegi buýrandygyny aýtdy. Şu ýylyň başynda Ak Tam "Ansar Alla" husit hereketini terror guramasy diýip kesgitledi.

16-njy mart gijesinde ABŞ-nyň uçarlary hisitleriň nyşanalaryna hüjüm edip başlady. "Ansar Allanyň" gözegçiligindäki Saglygy goraýyş ministrligi bu hüjümde 30-dan gowrak adamyň ölendigini we 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Marko Rubio we Sergeý Lawrow fewral aýynda Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda duşuşdy. Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen şol duşuşyk, Russiýanyň Ukraina çozaly bäri birinji boldy. 11-nji martda Rubio Jeddada Kiýewiň wekilleri bilen duşuşdy.