14-nji fewralda öz işine başlaýan Mýunhen Howpsuzlyk Konferensiýasy mundan üç ýyl ozal Russiýanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli uşruna çözgüt tapmak ugrundaky dowam etdirilýän tagallalar üçin aýgytly pursat bolup biler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp üç günlük dowam etjek Mýunhen konferensiýasynyň ilkinji gününde Moskwadan, Kiýewden we Waşingtondan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçirilmegi planlaşdyrylýan duşuşygy yglan etdi.
“Ertir Mýunhende duşuşyk [bolar]. Ol ýerde Russiýa biziň wekillerimiz bilen bolar. Ukraina hem çagyryldy” diýip, Tramp duşuşykdan bir gün öň Ak Tamda žurnalistlere aýtdy.
Ol gepleşiklerde ýurtlara anyk kimleriň wekilçilik etjekdigini belli etmedi, ýöne olaryň “Russiýadan, Ukrainadan, we Birleşen Ştatlardan bolan ýokary derejeli adamlardygyny” nygtady.
Mýunhen konferensiýasyna ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wensiň, Döwlet sekretary Marko Rubionyň, Goranmak sekretary Pete Hegsetiň, şeýle hem Trampyň Russiýa we Ukraina boýunça wekili Keit Kelloggyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu aralykda, Ukrainanyň mediasy, prezident Wolodymyr Zelenskiýiň metbugat-wekiline salgylanyp, Russiýanyň wekilleri bilen duşuşyklaryň meýilleşdirilendigini ret etdi.
“Mýunhende russiýalylar bilen gepleşiklere garaşylmaýar” diýip, habar serişdeleri Dmytro Lytwynyň sözlerini sitirledi.
Germaniýanyň şäherinde geçýän ýyllyk bu konferensiýa syýasy liderler, ýokary derejeli harby resmiler we diplomatlar gatnaşýar.
Tramp 12-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda bir sagatdan hem aşa wagt gürleşendigini we olaryň Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuny togtatmak boýunça gepleşiklere başlamak barada ylalaşandyklaryny mälim etdi.
Bu özgerişlere Kiýewden we ýewropaly ýaranlardan dürli-dürli reaksiýalar geldi. Zelenski Ukrainany goşmazdan gelnen islendik ylalaşygyň kabul edilmejekdigini nygtady. “Garaşsyz bir döwlet hökmünde bizsiz kabul edilen islendik ylalaşyk ykrar edilmez” diýip, ol aýtdy.
Kiýew urşy togtatmak tagallalaryndan çetleşdirilip, Moskwanyň bähbidine boljak we Ukrainany Russiýanyň agressiýasyna has açjak ok atyşyklary bes etmek ýa-da ýaraşyk ylalaşygyny kabul etmäge mejbur edilmeginden howatyrlanýar.
Ýewropaly liderler ABŞ-nyň strategiýasyna, hususan-da eger Birleşen Ştatlar Russiýa eglişige gitse, munuň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine wehim salyp biljekdigine alada bildirdiler.
Islendik görnüşdäki, islendik formatdaky gepleşiklerde Ukrainanyň Russiýanyň häzirki basyp alan ýerlerinden el çekmegi, Ukrainanyň NATO goşulmak ähtimallyklary, parahatçylygy goramak boýunça halkara güýçleriniň ýerleşdirilmek mümkinçilikleri we Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagy meselelere garalar.