ABŞ kanun çykaryjylary USAID-i goramagy wada berdiler

Kanun çykaryjylar 3-nji fewralda USAID-iň Waşingtonyň merkezindäki esasy edarasynyň daşynda ýygnandylar.

Kanun çykaryjylar 3-nji fewralda USAID-iň Waşingtonyň merkezindäki esasy edarasynyň daşynda ýygnandylar.

Kongresiň demokrat agzalary Tramp administrasiýasynyň ABŞ-nyň Halkara Ösüş Gullugyny (USAID) Döwlet departamentine birikdirmek üçin edýän görnetin synanyşygyna garşy çykdylar. Bu göçüm dünýädäki kömek maksatnamalaryny, şol sanda Ukraina üçin goýberilýän milliardlarça dollar kömek goldawyny sorag astyna salýar.

Kanun çykaryjylar 3-nji fewralda USAID-iň Waşingtonyň merkezindäki esasy edarasynyň daşynda ýygnanyp, prezident Donald Tramp tarapyndan hökümeti kiçeltmek tabşyrylan Elon Masky, Teslanyň we SpaceX-iň baş direktoryny tankytlap, ony "bikanun hereket" etmekde aýypladylar.

Demokratik kanun çykaryjylar agentligiň işgärlerine 3-nji fewralda işe çykmaly däldigi aýdylanyndan soň, protest bildirmek üçin ýygnandylar. USAID-iň işgärleri soň, agentlikde geçirilýän bolmagy mümkin arassalaýyş çäresiniň çäginde, hökümet elektron poçtalaryndan we beýleki hasaplaryndan kesildi.

Degişli maglumat Panama Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyndan çekilýär; Resmiler USAID-iň sökülmeginden alada bildirýär