ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow (ortada sagda). Arhiw suraty.

Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen swap arkaly iberilmegi Eýrana garşy girizilen sanksiýalary bozmaýar diýip, “Interfaks – Azerbaýjan” habar agentligi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimowyň sözlerini sitirleýär.

ABŞ ilçisi 11-nji ýanwarda Aşgabatda geçiren metbugat ýygnagynda, gün tertibindäki beýleki meseleler bilen bir hatarda, türkmen gazynyň swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi bilen bagly mümkinçilikleri teswirledi.

Ol bu ugurda Birleşen Ştatlaryň pozisiýasyna yşarat edip, degişli swap ylalaşyklarynyň Eýrana garşy girizilen sanksiýalary bozmaýandygyny aýtdy.

“Bu ençeme faktorlara bagly bolup durýar. Meselem, gazyň swap arkaly Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi sanksiýalary bozmaýar. Şonuň üçin, bu, ylalaşygyň nähili strukturalaşdyryljagyna bagly bolar” diýip, “Interfaks – Azerbaýjan” habar gullugy amerikan ilçisiniň sözlerini sitirleýär.

Şeýle-de, ABŞ ilçisi Türkmenistanyň öz nebitgaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalaryna oňyn baha berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň öz nebitgaz eksportlaryny Günbatar ugry boýunça, şeýle-de Gündogar we Günorta ugurlary boýunça diwersifikasiýalaşdyrmagy örän paýhaslylyk bolup durýar.

Degişli maglumat Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?

“Men Hazar deňzinde gaz geçirijiniň gurulmagyny hem örän paýhaslylyk hasaplaýaryn. Inženerçilik nukdaýnazaryndan, bu ýerde uly bir mesele ýok. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin, syýasy we ykdysady çaklamalar geçirilmeli, Ýewropa we Hazar sebitiniň ýurtlary gyzyklanma bildirmeli” diýip, “Interfaks – Azerbaýjan” amerikan diplomatynyň sözlerini sitirleýär.

Türkiýe we Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirip gelýär.

Ykdysasy hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary soňky sapar, 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda umumy ýyllyk kuwwaty 20 milliard kub metre barabar bolan gaz geçiriji ulgamlary bar.

Türkiýe türkmen gazynyň importy boýunça, esasan, üç alternatiwanyň üstünde işlenilip gelinýändigini aýdyp gelýär. Şol alternatiwalaryň biri hem swap ylalaşyklary bolup durýar.

Eýran bilen Türkiýäniň arasynda ýyllyk kuwwaty 14 milliard kub metre barabar bolan Tebriz – Ankara gaz geçirijisi bolup, häzirki wagtda bu gaz geçiriji arkaly ýylda 11 milliard kub metr çemesi gaz iberilýär.

Türkmenistan 2023-nji ýylyň dowamynda swap ylalaşygy arkaly Azerbaýjana iberýän tebigy gazyny, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, üç esse töweregi artdyryp, 2,6 miliard kub metre çykardy.

Degişli maglumat Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?

Eýran Azerbaýjan bilen aradaky gaz geçiriji ulgamynyň ýyllyk kuwwatyny 5,5 milliard kub mertre çenli giňeltmegiň üstünde işleýär.

Ýöne türkmen gazynyň Azerbaýjana iberilmegi şu ýylyň ýanwarynda duýdansyz bes edildi. Bu barada taraplar henize çenli resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

Azerbaýjan Günorta gaz koridory arkaly Ýewropa ýurtlaryna iberýän tebigy gazyny 2027-nji ýyla çenli 20 milliard kub metre çenli çykarmagy meýilleşdirýär.

Eýran mundan ozal türkmen gazyny islendik ugur boýunça üstaşyr geçirip bermäge taýýardygyny yglan etdi.

Energetika howpsuzlygy boýunça britaniýaly ekspert Jon Roberts oktýabr aýynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen Eýran aradaky swap ylalaşyklarynyň Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalara gatnaşygy barada şeýle gürrüň berdi:

“Meniň şahsy pikirimçe, türkmenler [Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda Yraga gaz iberilmegine] ikitaraplaýyn ylalaşyk we geleşik hökmünde garaýarlar, hem-de halkara sanksiýalaryny bozmazdan şeýle ylalaşyklar durmuşa geçirilip bilinýär hasaplaýarlar. Men anyk bilemok, ýöne ýagdaý şeýledir diýip pikir edýärin. Bu ýerde esasy mesele sanksiýalaryň göni amal edilmegi däl, esasy mesele sanksiýalaryň getirýän gytaklaýyn netijeleri” diýip, ekspert aýtdy.

Galyberse-de, Türkmenistan 2023-nji ýylyň awgustynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna bildirýän gyzyklanmalaryny ýene bir gezek nygtady. Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çap eden beýanatynda bu taslamany durmuşa geçirmek üçin hiç hili syýasy, ykdysasy we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyny aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistan 2023-nji ýylda özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek tagallalaryny ileri tutdy

Ýöne synçylar Ýewropa banklarynyň daşky gurşaw aladalary sebäpli, gazylyp alynýan energiýa serişdeleri bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmekden çetde durýandyklaryny aýdyp, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna, şeýle-de Günorta gaz koridorynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine şübheli çemeleşip gelýärler.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan häzirki wagtda öz gazyny uly möçberlerde Hytaýa satýar. Russiýa bilen Türkmenistan arada 2019-njy ýylda gaýtadan dikeldilen gaz ylalaşygynyň möhleti 2024-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

“Salam News” türkmen neşirine görä, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow Aşgabatda geçiren metbugat ýygnagynda “John Deere”, “Boeing”, “General Electric”, “Visa Card International” we “Coca-Cola” ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işlerini giňeltmäge isleg bildirýändiklerini hem aýtdy.

ABŞ ilçisi amerikan tarapynyň “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşini ABŞ-nyň Türkmenistandaky Söwda palatasyna öwürmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

ABŞ bilen Türkmenistan arada diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. ABŞ Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewiligine ygrarlylygyny beýan edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.