12-nji awgustda ABŞ Eýranyň we/ýa-da onuň Ýakyn Gündogardaky proksi güýçleriniň “Ysraýyla şu hepdäniň dowamynda hüjüm edip biljekdigi” baradaky aňtaw maglumatlary bilen ylalaşýandygyny aýtdy, şeýle-de Tährany dowam edýän howatyrlaryň arasynda “saklanmaga” çagyrdy.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat wekili Jon Kirbiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, prezident Jo Baýden möhüm Günbatar ýaranlary bilen ýagdaýy maslahat edipdir, şeýle-de Waşingtonyň Eýranyň Ysraýyla ýakyn wagtda hüjüm edip biljekdigi baradaky maglumatlary çynlakaý kabul edýändigini nygtapdyr.
Eýranyň 31-nji iýulda Tähranda öldürilen Ysmaýyl Haniýe, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasyň syýasy başlygy üçin ar almaga çalyşjakdygy baradaky aladalar ýokary bolmagynda galýar.
Eýran Heniýehiň öldürilmeginde Ysraýyly aýyplaýar we ar aljakdygy bilen haýbat atýar. Munuň regionda has iri konflikti döredip biljekdigi baradaky howatyrlar güýçlenýär.