ABŞ Eýrandaky gazaply repressiýalar bilen ilteşikli 12 şahsa sanksiýalary girizdi

Mahsa Amininiň Eýranda polisiýanyň tussaglygynda ölmeginiň ikinji ýyl dönümine gabat, Parižde geçirilen ýörişden bir pursat. 15-nji sentýabr

18-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar Eýranyň ýurduň içinde, hem-de daşynda “alyp barýan gazaply repressiýalary” bilen ilteşikli 12 şahsa garşy täze sanksiýalary girizendigini yglan etdi.

Maliýe departamenti we Döwlet departamenti bu gadagançylyklaryň Eýranda 22 ýaşly Mahsa Amininiň polisiýanyň tussaglygynda heläk bolmagyndan we soňy bilen tutaşan protestleriň basylyp ýatyrylmagyndan bäri geçen iki ýyla gabat girizilendigini nygtadylar.

Amini, hijaby, ýagny başörtgini dogry dakynmandy diýilýän aýyplamalar esasynda, Eýranyň “ahlak polisiýasy” tarapyndan saklanypdy. Mundan birnäçe sagat soň, ol huşsuz ýagdaýda keselhana äkidildi we birnäçe günüň içinde aradan çykdy.

“Amininiň Eýranyň ahlak polisiýasy diýilýäniniň tussaglygynda öldürilmeginden bäri, Eýranyň režimi eýranlylaryň adam hukuklaryny sistematiki ýagdaýda bozmagyny dowam etdirdi” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller (Matthew Miller) beýanat bilen çykyş etdi.