ABŞ-da saýlaw gününde terror hüjümini planlaşdyrmakda aýyplanyp, owgan raýaty tussag edildi

Adalat departamentiniň Nasir Ahmad Tawhediýe garşy çykaran jenaýat şikaýaty.

ABŞ-nyň resmileri noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň adyndan terror hüjümini amala aşyrmak dildüwşüginde aýyplanyp, bir owgan raýatynyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Adalat departamentiniň 8-nji oktýabrda giçlik ýaýradan maglumatyna görä, Oklahoma şäheriniň ýaşaýjysy, 27 ýaşyndaky Nasir Ahmad Tawhedi tussag edileninden soň, ol ABŞ derňewçilerine aýdyňlaşdyrylmadyk bir sebitdäki adamlaryň uly üýşmeleňinde hüjümi amala aşyrmakçy bolandygyny tassyklapdyr.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Tawhedi, şeýle-de ýetginjek ýaşyna ýetmedigi üçin ady agzalmadyk onuň ýene bir şärigi, hüjümiň dowamynda özleriniň “şehitler hökmünde öljekdigine garaşypdyrlar”.

Owgan raýaty ABŞ-a 2021-nji ýylda, ýörite migrant wiza programmasynyň çäginde gelipdir we özüniň migrasiýa işleriniň tamamlanmagyna garaşypdyr diýip, Adalat departamenti mälim etdi. Ol AK-47 kysymly iki sany ýaragy we oňa ok-därileri hem edinipdir.