“Ruhnama” dersi ýatyrylýarmy?

2001-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan “Ruhnamanyň” ýazylyp gutarylan güni döwlet derejesinde bellenýän baýram hökmünde Türkmenistanyň milli kalendaryna girizildi.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary “Ruhnamanyň” sapak, ders hökmünde ýatyryljakdygyny “Ruhnama indi mukaddes däl” ady bilen çap eden maglumatynda habar berýär. Bu maglumat näderejede hakykata ýakyn hem ol jemgyýetde nähili garaýyşlar döretdi?

2001-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan “Ruhnamanyň” ýazylyp gutarylan güni döwlet derejesinde bellenýän baýram hökmünde Türkmenistanyň milli kalendaryna girizildi. Oňa “mukaddes” diýen at berlip, okuw programmasyna ýörite sapak hökmünde girizildi.

Klasdan-klasa geçişden başlap, ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna giriş ekzamenlerde-de, hatda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin okalýan şofýorçylyk kurslarynda-da “Ruhnamadan” ekzamen tabşyrmak düzgüni girizildi. Edaralarda “Ruhnama” otaglary” döredilip, hepdäniň belli günleri “Ruhnama okaýyşlary” geçirilip başlandy.

“Ruhnama ýatyryljak” diýen habar 10-njy klas okuwçylarynyň arasynda ýeňil gowur döretdi, çünki olaryň köpüsi “Ruhnamadan” ekzamene gowy taýýarlyk görüpdi” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” topary habar berýär.

Emma, Lebap welaýatyndaky habarçymyz Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, “Ruhnama” dersi ýatyrylýar diýen resmi görkezme ýa karar entek ýok. “Geçen ýylam okuw ýylynyň başynda şonuň ýaly gürrüňler bolupdy, ýöne aýyrmadylar” diýip, Hallyýew ýatlaýar.

Her kimiň öz gaýgysy…

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 2011-12-nji okuw ýylyndan başlap “Ruhnama ýatyryljak” diýen gürrüňiň il-içinde ýene-de örç alýandygyny aýdýar. “Ýöne oňa täze okuw ýyly başlananda göz ýetirip bolar. Sebäbi ýurtda adamlar käwagt göwün islegini hakykat hökmünde aýdyp başlaýarlar” diýip, Bugaýew belleýär.

“Ýokardan ýollanan görkezme mugallymlaryň arasynda ruhubelentlik, göwnühoşluk döretmedi, tersine, eger “Ruhnama” sapak hökmünde programmadan aýrylsa, iş sagatlaryny, aýlyk haklaryny ýitirmeklerinden alada edýärler” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar.

“Bu gaty dogry pikir” diýip, ýazyjy Bugaýew belleýär. “Hakykata bap gelýän pikir. “Ruhnama” ýatyrylsa, mugallymlaryň gaty köpüsiniň sagat sany azalar, olaryň iş ýüki bir stawka-da ýetmez. Ýöne bu çykgynsyz ýagdaý däl”.

“Şu ýyl mekdebi tamamlaýan ýaşlary, olaryň hossarlaryny alada goýýan bir sorag bar: ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna girmek üçin “Ruhnamadan” ekzamene taýýarlanmalymy ýa ýok? Şu wagta çenli giriş synaglarynda bu esasy sapaklaryň biridi” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” ýazýar.