Jimmi Karter Demirgazyk Koreýa sapar eder

Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jimmi Karteriň ýolbaşçylygyndaky topar ýekşenbe güni Demirgazyk Koreýa sapar etmek üçin Pekine bardy.

Dynç alşa çykan döwlet liderleriniň Ýaşulular toparynyň beýanatynda olaryň Hytaýa, Demirgazyk Koreýa we Günorta Koreýa alty günlük saparlary mahalynda ýadro ýaragyndan saplanmak meselesi we Demirgazyk Koreýada bar diýilýän azyk gytçylygy barada maslahat etjekdigi aýdylýar.

Karteriň ýolbaşçylygyndaky dört agzaly topara ozalky fin prezidenti Marti Ahtisari, Norwegiýanyň ozalky premýer-ministri Harlem Brandtland we ozalky irlan prezidenti Meri Robinson girýär.

Bu delegasiýa Demirgazyk Koreýa sişenbe güni barmaly we penşenbe güni Seula ugramaly.