Türk dünýäsi Gabdulla Tukaýy ýatlaýar

Gabdulla Tukaýyň Kazandaky heýkeli

Türk dünýäsi belli tatar şahyry Gabdulla Tukaýyň doglan gününiň 125 ýyllygyny baýram edýär. Türki milletleriň medeniýetini özünde birleşdirýän TÜRKSOÝ-yň karary bilen üstümizdäki 2011-nji ýyl “Tukaýyň ýyly” diýlip yglan edildi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally bu barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyr gullugynyň žurnalisti, Gabdulla Tukaýyň garyndaşy Alsu Kurmaşewa bilen söhbetdeş boldy.

H. Hally: Şahyr gysga ýaşasa-da, edebiýatda köp iş etmäge ýetişipdir, onuň edebi hyzmatyna örän ýokary baha berýärler. Beýik şahyryň ölmez-ýitmez eseri bolan “Şürälede” şeýle setirler bar.

Jäý könen ýazdym beraz; ýazmyým äle kyş, közlären,
Alsu ýözle, kara kaşly, kara küzle kyzlaryn.


Ine, senem biziň Alsu gyzymyz hem kärdeşimiz. Saňa başky sowal: tatar halky üçin, Gabdulla Tukaýyň gysga ömrüniň manysy nämede?

A. Kurmaşewa: Gabdulla Tukaýyň ömrüniň ähmiýeti hem onuň döreden edebiýaty tatar halky üçin örän gymmatly. Ol özüniň gysga ömründe baý miras galdyrdy, çagalar üçin şygyrlaryndan başlasak, kiçi ýaşlylardan başlap, iň ulular üçinem eserler döretdi. Olaryň arasynda pelsepe mazmunly çüň eserlerem az däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyr gullugynyň žurnalisti, Gabdulla Tukaýyň garyndaşy Alsu Kurmaşewa
Sowet zamanynda onuň käbir eserleri gadagançylyga düşdi. Mysal üçin, “Ene dilim” goşgusy bar, şonuň dördünji beýidi gadagan edilipdi. Sebäbi ol ýerde Hudaýyň ady we doga sözi bardy. Sowet zamanynda doga etmek, Hudaýyň adyny tutmak gadagandy.

Şoňa görä Gabdulla Tukaýyň ähmiýeti bu günki günde-de möhüm. Ol tarar halkyny magaryfa, aň-bilime çagyrypdyr. Tukaýyň köp şygyrlary häzirki zaman türki dilinde ýazylypdyr. Ol pars, arap, türk dillerini bilse-de, ony poeziýasynda az ulanypdyr. Tukaý öz halkyny söýmeýän molladyr ymamlara garşy hem ýazypdyr.

Onuň doglan gününiň 125 ýyllygynyň baýramy bellenýän şu günlerde, Gabdulla Tukaýyň ähli eserleri düşündirişleri bilen birlikde çykarylýar. Mundan owal olar köp dillere terjime edildi hem olary dünýädäki türki halklaryň bilýändigine ynanýarys.

H. Hally: Bu hakykatdanam şeýle bolsa gerek. Gabdulla Tukaýy biziň ilimize tanadan, ony biziň ilimize elten azatlyk barada öňe süren pikirleri bolupdyr. Şu meselede ol bize çyra ýaly ýol görkeziji saýylýar. Milli erkinlik hem azatlyk ideýalary Russiýa Federasiýasynyň çäginde ýaşaýan tatar halkynyň arasynda häzirki günde nähili?

A. Kurmaşewa: Tatarystanda ilkinji aýtmaly zat, Moskwadan edilýän tatar diline basyş gaty güýçli. Häzirki günde tatar mekdepleri ýapylýar. Soňky täzelik, ýokary okuw jaýlaryndaky tatar dilindäki iki fakultet iş ýerleriniň kemeldilmegi bahanasy bilen birleşdirilip, bir fakultet edilipdir. Tatar dilinde okaýanlar, tatar dilinde işleýänler ýyldan-ýyla azalyp barýar. Şonuň üçin şu günlerde-de Gabdulla Tukaýyň sözleri öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Özüňiz bilýänsiňiz, häzir Russiýada musulmanlar asyldan oturymly halkmy ýa-da dälmi diýen jedel barýar. Şahyryň “Gitmeris” diýen beýik eseriniň başynda: “Munda dogduk, munda ösdük, mundadyr biziň ajal” diýen sözleri bar. Hakykatdanam tatar halky şu toprakda ýüzlerçe ýyl ýaşady. Bu günki tatar halky şol toprakda doglan, şol ýerde ösen, şol ýerde halk, millet bolup kemala gelen. Şonuň üçin tatarlar öz topragyndan hiç ýere gitmez. Gabdulla Tukaýyň azatlyga hem erkinlige çagyrýan şygyrlary Sowet zamanynda beýle dile düşmedi. Olar basyldy. Sebäbi tatarlar baş götermesin, tatarlar azatlyk talap etmesin diýdiler. Häzir onuň şol şygyrlary has möhüm boldy. Tatar halkynyň azatlygy ugrunda göreşýän milli hereket şahyryň eserlerini öz gimni, baş şygary hökmünde kabul etdi hem ulanýar.

H. Hally:
Şunuň bilen baglanyşykly ýene bir sowal, Alsu. Türki halklaryň arasynda tatarlar iň bilimli, iň sowatly halk saýylýar. Bizde tatarlaryň arasynda bisowat adam bardyr diýen düşünje ýok. Bu halkdan çykan alymlar, şahyrlar az däl. Meselem, Hadi Taktaş ýaly şahyrlar, din alymy Täjeddin Ýalçagul, onuň “Risaleýi Aziza” eseri biziň ilimizde giňden mälimdir. Ýöne Gabdulla Tukaýy bütin dünýä tanady. Munuň sebäbi nämede?

A. Kurmaşewa:
Meniň pikirimçe, munuň birnäçe sebäbi bar. Birinji sebäbi, Gabdulla Tukaý tatar halky üçin ýazsa-da, ol ynsanyýet gymmatlyklary barada aýtdy. Mysal üçin, Gabdulla Tukaýyň çagalar üçin şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti ýokarydyr. Ine, “Çaga bilen kebelek” atly kiçijik goşgusyny alyp görsek, kebelek çaganyň ýanyna gelip, özüniň gülleriň üstünde uçýandygyny, emma az ýaşaýandygyny aýdýar. Şoňa görä çaga degmesin maňa, meniň ömrüm gaty gysga diýýär. Şu gysgajyk şygrynda ol tebigatyň ýaradylyşy, tebigaty söýmek, oňa hormat goýmak ýaly duýgulary öňe sürýär.

Onuň eserleri umumy adamzat gymmatlygyna degişli, beýik terbiýä ýugrulan, siz Tatarystanda ýaşasaňyz-da, Türkmenistanda ýaşasaňyz-da, Fransiýada bolsaňyz-da, onuň terbiýesi size degişli. Tukaý ýaltalygy ýazgarýar, işiň, zähmetiň gowudygyny aýdýar. Uly kişilere hormat goýmalydygyny ündeýär. Meniň pikirimçe, şonuň üçin Tukaýy terjime edýärler, başga illerde kitaplaryny çykarýarlar. Tukaýyň ýene bir gymmatly tarapy onuň beýik ynsanlygy.

H. Hally:
Gabdulla Tukaýyň doglan gününiň 125 ýyllygy bellenýän şu günlerde Tatarystanda onuň ömri we döredijiligi bilen bagly nähili çäreler geçirilýär?

A. Kurmaşewa: Örän gowy işler geçirilýär. Men muňa gaty şat. Şahyryň eseri esasynda döredilen “Şüräle” baleti sahna çykdy. Şeýle hem Tukaý bilen baglanyşykly sungat eserleriniň sergileri açyldy. Tatar halky şahyryň ýubileýini beýik şatlyk bilen garşy aldy. Çagalar üçin ençeme kitaplar çykdy. Olar gowy suratlar bilen bezelen. Ençeme multfilmler döredildi. Tehniki usullarda döredilen multfilmler bar. Ol multfilmleriň köpüsi tatar, rus hem iňlis dillerinde. Bu-da möhüm zat. Sebäbi tatarlaryň köp bölegi, millionlarça tatar çet illerde ýaşaýar. Olardan käbiri iňlisçe bilse-de, rusça bilmeýär.
Tukaýyň 125 ýyllygy çagalar üçin aýratyn şatlykly boldy. Çagalaryň gatnaşmagynda dürli konsertler geçirildi. Çagalaryň gatnaşmagynda spektakllar goýuldy. Bu ýerde çagalaram şahyry bilip-tanap össünler diýen maksat bar.

H. Hally: Indi bir şahsy sowal. Saňa, Alsu, Gabdulla Tukaýyň ýegençisi diýýärler. Seniň ol beýik şahyr bilen garyndaşlygyň barmy?

A. Kurmaşewa:
Men Gabdulla Tukaýyň bäşinji arkadan dogany. Men, elbetde, onuň ýakyn hossarlaryny bilemok. Çünki Gabdulla Tukaýyň özüniň maşgalasy bolmandyr, çagasy bolmandyr. Meniň ejem Änise Abdurahman gyzy onuň dördünji arkadan dogany, ýagny meniň babam, ejemiň kakasy Gabdulla Tukaýyň dolanany. Şeýlelikde ejem olaryň dördünji arkasy, men bäşinji arkasy bolýan.

Men, elbetde, muňa gaty guwanýan. Ýöne bu barada köp gürlämok. Sebäbi Gabdulla Tukaýyň nesli bolmak örän jogapkärli zat. Men goşgy ýazmaýaryn. Meniň işim, meniň durmuşym, meniň beýik borjum hem hyzmatym: maňa edep-terbiýe beren tatar dilini söýmek hem ony öz çagalaryma geçirmek. Meniň gyzym Bibisara tatarça gowy gürleýär, onuň entek üç ýaşy-da dolanok. Ol ene dilini bilýär. Men oňa guwanýan. Şoňa görä, meniň işim hem maksadym öz neslimize Tukaýyň şygyrlaryny öwretmek, ony tatar dilinde aýtmak hem biz nirede ýaşasak-da, özümiziň kimdigimizi unutmazlyk, nireden döräp gaýdanymyzy unutmazlyk hem muny çagalara öwretmek. Gabdulla Tukaýyň nesli bolanym üçin, men şu hyzmatlara amal etmeli. Bizň ähli doganlarymyz, neslimiz sowatly adamlar, žurnalistler, ýazyjylar, terjimeçiler, meniň ejem hem terjimeçi.