Türk kompaniýalary türkmen hökümetini suda berýär

Türkmenistanda iş alyp barýan türk kärhanalarynyň çeken zyýany 600 million dollardan hem geçýär diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanda iş alyp baran türk gurluşyk kompaniýalarynyň häzire çenli üçüsiniň - "Içkale Inşaat Ltd.", "Kylyç Inşaat Ithalat Ihrajat Sanaýi we Tijaret Anonim" we "Adem Dogan" kompaniýalarynyň türkmen hökümetine garşy arzalary Bütindünýä Bankynyň ýanyndaky Sermaýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezinde (ICSID) hasaba alyndy. Olar Türkmenistanda şertnama esasynda gurluşyk hem beýleki işleri edýärdiler.

Türkmenistanda belli bir wagtda işlän we işläp ýören türk firmalarynyň başga-da ençemesi, şol sanda "Seje Inşaat", "Sehil Inşaat", "Erku", "Doruk Inşaat", "BVT", "Delta", "Başýazyjyoglu", "Gökdelen Inşaat" we "Folkestone" türk kompaniýalary adalaty gazanmak üçin türkmen hökümetine garşy Halkara sudlaryna ýüz tutmakçy. Olar hazir degişli resminamalary taýýarlaýarlar diýip, türk çeşmesi habar berýär.

Sebäp näme?

Adynyň çap edilmegini islemedik, Türkmenistanda belli bir döwürde iş alyp baran türk biznesmeni Sermaýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezine ýüz tutulmagynyň sebäplerini şeýle düşündirdi: "Biz ol ýerde işledik ýördük... soňam biziň eden işimiziň haky tölenmedi. Biziň, taýyn işleri olara düzgüne görä tabşyranlygymyza garamazdan, olar bize edilen işiň hakyny bermediler. Munuň üstesine-de, biziň entek tamamlanmadyk işlerimizi hem elimizden alyp, olary başga firmalara berdiler".

Türkiýeli biznesmen bu ýagdaý barada özlerine hiç hili esasly, delilli düşündirişiň berilmändigini aýtdy.

Žurnalist Esin Gedigiň Türkiýäniň "Akşam" gazetinde ýazmagyna görä, türk kompaniýalarynyň Liwiýadan soň, iň köp iş edýän ýeri Türkmenistandy. Ýagny, bu ýurtda türk kompaniýalary 10 milliard dollar töweregi pula durýan proýektleri alyp barýarlar. Ýöne, bu sanlara garamazdan, Esin Gedik türk kärhanalarynyň türkmen hökümeti bilen juda ýiti düşünişmezlikleriniň bardygyny ýazýar.

Žurnalistiň makalasynda 20 töweregi türk firmasynyň işleriniň elinden alnandygy ýa-da gurlup gutarylan işler üçin tölegiň edilmändigi, hatda kompaniýalaryň daşary ýurtly işgärleriniň tussag edilen halatlarynyň-da bolandygy aýdylýar.

$600 million agzalýar

Türkiýäniň "Akşam" gazetinde ýerleşdirlen maglumata görä, Türkmenistanda iş alyp barýan türk kärhanalarynyň çeken zyýany 600 million dollardan hem geçýär.

Esin Gedigiň ýazmagyna görä, Türkmenistanda "agzy bişen" türk kompaniýalary, bu ýurtda adalata ýetmek umytlaryny ýitirip, Türkiýäniň we Halkara sudlarynyň üsti bilen öz haklaryny talap edip başladylar.

Bu ýagdaýlardan soň, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz türk kärdeşi Abdullah Güle telefon edip, "Biz iki dogan halk, düşünişmezlikleri suda ýetirmän, öz aramyzda çözeli" diýip, haýyş edendigi "Akşam" gazetinde habar berilýär.

Türkiýeli biznesmen Türkmenistanda gurluşyk işini alyp barýan aglaba firmalar tölegler ýa-da beýleki meselelerde kynçylyklara uçrasalar-da, bu ýagdaýyň Fransiýanyň "Buig" kompaniýasyna we Türkiýäniň "Polimeks" şirketine degişli däldigini aýtdy.

Bir ýyl mundan öň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Zafer Çaglaýanyň Türkmenistana sapary mahalynda "Türk senagatçylar we biznesmenler fondy" Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa "Ýylyň döwlet adamy" diýen hormatly ady beripdiler.

Türkmenistan Bütindünýä Bankynyň ýanyndaky Sermaýa dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkeziniň Konwensiýasyna 1992-njy ýylda gol goýupdy. Bu Konwensiýa häzirki wagtda 157 döwlete degişli.