Nazarbaýew 2030-a çenli wezipesinde galjagyny ýaňzydýar

Duşenbe güni Gazagystanyň Halk gurultaýynda eden çykyşynda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň 2030-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmak niýetiniň bardygyny ýanzytdy.

Hususan-da, ol 1990-njy ýyllaryň başynda geçirilen Halk gurultaýynda delegatlaryň özünden 2030-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyny haýyş edendiklerini we muny durmuşa geçirmek üçin heniz wagtyň bardygyny aýtdy.

Mundan daşary, dini meselelere degip geçmek bilen bolsa, ol: «Musulmanlaryň we prawoslaw hristanlaryň arasynda däp bolup gelýän biziň bitewiligimiz esasy dini bitewilikdir. Öz gymmatlyklary şu gymmatlykdan tapawutlanýan beýleki dini sektalaryň Gazagystana girmeklerine ýol berilmeli däldir» diýip nygtady.