Täjigistanyň "Google nesli" näme isleýär?

8-nji aprelde aglabasy ýaşlar bolan 30 çemesi adam paýtagtda tok ýetmezçiliginden närazylyk bildirip, döwlet energiýa edarasynyň öňüne ýygnandylar.

Käbir synçylaryň pikiriçe, arap dünýäsindäki protestlere meňzeş wakalaryň Merkezi Aziýada bolmagy mümkin bir ýurdy Täjigistan.

Häkimiýetleriň şular ýaly protesti doly inkär edýändigine garamazdan, resmi Duşenbe ýakyn hepdelerde käbir ädimleri ätdi. 8-nji aprelde aglabasy ýaşlar bolan 30 çemesi adam paýtagtda tok ýetmezçiliginden närazylyk bildirip, döwlet energiýa edarasynyň öňüne ýygnandylar.

Duşenbede diňe birnäçe sagatlap tok berilmegi ilatyň ozalam işsizlik we graždan azatlyklarynyň çäklendirilmegi ýaly problemalarynyň üstüne urna boldy. Resmi maglumatlara görä, ilatyň ýarysyna golaýy işsiz. “Häkimiýetler orta gürpde ýaşaýan ilatyň tok ýetmezçiligi ýaly problemalaryna entek giç bolmanka, uly üns bermeli” diýip, “Ozodagon” hepdeligi ýazdy.

Garaşsyz žurnalist Rajabi Mirzonyň pikiriçe, internet we sosial set eýýäminde Merkezi Aziýanyň awtoritar liderlerine adamlaryň jemlenmeginiň we ideýalary alyşmagynyň öňüni almak örän kynlaşýar: “'Google' nesli bolan häzirki ýaş nesil özgerişligi, ösüşleri we zerur mümkinçilikleri yzygiderli talap ederler. 'Facebook', 'Twitter' we şulara meňzeş sosial ulgamlar olaryň maglumat alyş-çalşygyna hem olary ýaýratmagyna mümkinçilik berýär”.

Geçen hepde bolan metbugat konferensiýasynda Täjigistanyň daşary işler ministri Hemrahon Zarifi “Arap dünýäsindäki wakalara getirjek şertleriň Merkezi Aziýada ýokdugyny” aýtdy. Emma garaşsyz žurnalist Mirzo başgaça pikir edýär: “Ýakyn Gündogarda bolan wakalar örän tiz başlady. Muny hiç kim öňünden aýdyp bilmedi. Tunisdäki wakalardan soňra, Kaddafi we beýleki liderler şol protestleriň öz ýurduna ýaýramagynyň mümkindigini öňünden görmediler”.

Sem edişmi?

Täjik häkimiýetleri ýakyn hepdelerde özgerişleriň, reformalaryň toplumyny we günä geçişleri yglan etdiler. Ýerli garaşsyz medianyň maglumatyna görä, hökümet bulary öz tankytçylarynyň “sesini çykartmazlyk” üçin etdi. Häkimiýetleriň şol ädimleri netijesinde iki oppozision komandir günä geçişe düşdi, prezident Rahmonyň mirasdüşeri hasaplanýan uly ogly Rüstem ýurdy dolandyrýan “Dempartiýadan” çykdy.

Eýse, bu özgerişlikler tankytçylaryň sesini sem etmek we arap dünýäsindäki ýaly protestleriň bolmagynyň öňüni almak üçin ýeterlikmi? Garaşsyz täjik žurnalisti Zafar Sufi halk özüniň anyk problemalary boýunça anyk çäreleriň görülmegini isleýär diýýär: “Bizde asla iri zawod ýok. Sowet eýýamyndaky zawodlaryň ählisi diýen ýaly ýapyldy. Diňe alýumin zawody işleýär. Biz ýeke jübüt jorap hem öndürmeýäris we olary Hytaýdan, Özbegistandan getirýäris”.

Ýöne beýleki garaşsyz žurnalist Rajabi Mirzo halkyň hökümeti berk goldamagy üçin Täjigistanda söz azatlygynyň, açyk-aýdyňlygyň we syýasy açyklygyň möhüm rol oýnajakdygyna ynanýar.