Gyrgyz oppozisiýasynyň 10 deputaty koalisiýa goşulýar

Şu gün gyrgyz oppozisiýasynyň on sany deputaty parlamentdäki dolandyryjy koalisiýanyň düzümine geçýändiklerini yglan etdi.

Şu gün ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy oppozision «Ar-namys» partiýasyna agza deputatlardan onusynyň premýer-ministr Almazbek Atambaýewe ýörite hat ýazyp, özleriniň hökümet koalisiýasyny goldaýandyklaryny mälim edendiklerini habar berdi.

Bu resmi maglumata görä, bu deputatlar Gyrgyzstandaky häzirki syýasy ýagdaýlary hem-de hökümetiň dikeldiş işleri boýunça öz üstüne alan jogapkärçiliklerini öwrenip, şeýle karara gelendiklerini ýazypdyrlar.

Gyrgyzystanyň parlamentdäki dolandyryjy koalisiýasyny «Ata-žurt», «Respublika» we «Sosial-demokratik» partiýalary duzýär. Oppozision «Ar-namys» partiýasynyň on deputaty hem bu koalisiýanyň düzümine geçen halatynda, parlamentde bu partiýadan diňe 15 deputat galar.