Pakistanyň premýeri Owganystana sapar eder

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirmek üçin, şu dynç günleri Kabula sapar eder.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumagyna görä, premýer-ministr Gilani Karzaýyň çakylygy esasynda, şenbe güni Owganystana barýar.

Soňky döwürde iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolupdy. Her tarap hem öz ýurtlaryndaky ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmakda biri-birini aýyplaýar.