Ýemende onlarça müň adam protest geçirýär

Şaýatlar Ýemende howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň çaknyşygynda režime garşy onlarça demonstrantyň atylandygyny gürrüň berýärler.

Berilýän maglumatlara görä, onlarça müň protestçi paýtagt Sanaada, şeýle-de Teaz, Ibb we Hudaýdah şäherlerinde ýygnanypdyr. Emma bu maglumatlaryň takyklygyny anyklamak başartmady.

Pars aýlygynyň arap döwletleriniň bellemegine görä, Ýemeniň prezidentli Ali Abdullah Saleh häkimiýeti wise-prezidente geçirmeli, şeýle-de oppozisiýanyň geçiji hökümete ýolbaşçylyk etmegine rugsat bermeli.