Türkmenistanda neşir edilýän gazet-žurnallaryň diňe wagyzçy bolmagy hakyky okyjylar köpçüligini metbugatdan daşlaşdyrdy.
Edara-kärhanalarda işleýän işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl abuna özlerini görkezme esasynda mejbury ýazýandyklaryny, bir ýa iki neşire hökman ýazylmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Emma köplenç poçta ýaşşiklerine oklanýan gazetleriň gaty-da açylman, olar haýsydyr bir zeruryýet üçin ulanylýar.
Žurnallar babatynda bu ýagdaý başgaçarak. “Zenan kalby”, “Garagum” ýaly neşirleri okamaga höwesekler kän. Bu žurnallarda çap edilýän makalalar birneme özüne çekýär.
Aşgabat şäheriniň köp gatly jaýlarynyň girelgelerinde şol girelgä degişli öýlere gelýän gazet-žurnallar üçin goýlan poçta ýaşşikleriniň ýoklugy sebäpli halka ýetmeli neşirler girelgelerde çaşyp ýatýar.
Aşgabatly ýaşaýjy Pälwan aga gazet-žurnallaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny bellemek bilen, häzirki wagtda olaryň wagyzça öwrülmeginiň köp babatda zyýanly netijeleri berendigini aýdýar.
Öňler her bir mekdep okuwçysyndan başlap, tä öý hojalykçy zenanlara, edara-kärhananyň işgärlerine, pensionerlere çenli öz söýgüli neşirine ýazylmaga howlugardylar. Hakyky durmuşdan, edep-ekramdan gürrüň berýän makalalar, ýazyjy-şahyrlaryň bölekleýin çap edilýän eserleri, beýleki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň türkmen diline terjime edilen eserleri her bir okyjyny özüne çekýärdi. Çap edilýän makalalar, eserler barada pikir alyşmaga, çekeleşiklere öýde-de, okuwda-da, işde-de wagt tapylýardy.
Şol döwrüň ýetginjekleri ulyny-kiçini sylamagy, ula-kiçä sarpa goýmagy başarýardylar. Bu babatda metbugatyň uly rolunyň bolandygy ikuçsyzdy. “Soňky ýyllarda Türkmenistanda neşir edilýän gazetleri ýaşlar asla okamaýarlar” diýsek, hakykatdan kän bir daş düşmeris. Guraksy, birmeňzeş mazmunly, bir şahsyýeti öwmäge gönükdirilen makalalar ulyny-kiçini irizdi.
Aň-düşünjeli, dünýägaraýşy başgaçarak ýaşlar mümkin boldugyça Internet saýtlaryna girip, dünýä täzelikleri bilen tanyşmaga çalyşýarlar. Ýaşuly nesliň agramly bölegi bolsa türkmen elipbiýinde çap edilýän gazet-žurnallary okap bilmeýärler. Aşgabat şäherinde käbir ýaşulularyň merkezi kitaphana baryp, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň neşirlerini alyp, okap oturan wagtyna duş gelse bolýar.
Ýaşlar
Ýaşlar bolsa gazet-žurnal okanyndan, çanak antennalary arkaly daşary ýurt filmlerine tomaşa edenlerini gowy görýärler. Şeýle mümkinçiligi bolmadyk ýaşlar bolsa bikärlikden kösenip, wagtlaryny boş geçirýärler. Netijede ýaşlar edep-ekramsyz, terbiýesiz ösýärler.
Mekdebe barýan ýa mekdepden gelýän okuwçylaryň münen awtobusyna müneniňde paýyş sözlerden, goh-galmagaldan ýaňa maşyndan düşüp, pyýada ýöräniňi gowy görýärsiň. Ululara ýer bermek ýaly ýönekeý sylag-hormat hem mekdep ýaşly oglan-gyzlaryň köpüsinde ýok. Ýanynda zordan aýak üstünde duran ýaşulyny görmezlige salyp, aýna bakyp oturan ýaşlara näçe diýseň duş gelmek bolýar.
Mekdeplerde edep sapagynyň, ýaşaýyş we durmuş hakdaky sapaklaryň girizilendigine seretmezden, ýaşlaryň terbiýesi barha pese gaçýar. Parahorlugyň, tanyş-bilişligiň durmuşa ýol açýandygyny hem häzirki ýaşlardan gizlemek mümkin däl.
Çagalar baglaryna, abraýly hasaplanýan mekdeplere, ýokary okuw jaýlaryna işe ýerleşmek üçin berilmeli paranyň möçberine çenli şu günki çagalar bilýärler.
“Eger-de metbugatyň häzirki gözgyny ýagdaýy üýtgemese, açyk- aýdyňlyga, metbugat erkinligine ýol berilmese, ýaşlary gyzyklandyrjak, olaryň terbiýesine täsir edip biljek makalalar çap edilmese, ýaşlary terbiýelemekde biziň ýitirjek ýitgilerimiziň möçberi soňra hiç zat bilen ölçetmez” diýip, aşgabatly ýaşaýjy Pälwan aga aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti hem ýakynda ministrlikleriň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatlarynda ýaşlaryň terbiýesine aýratyn üns berilmelidigi barada nygtady.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.