Golaýda 40 ýaşly Magomed gijäniň ýary ýygnalyp, hiç hili duýduryş berilmezden, Norwegiýadan öz ýurduna deport edildi.
Norwegiýadan gaçybatalga gözlän, asly çeçen Magomed, bu ýerde ýedi ýyl ýaşandygyna garamazdan, öz arzasynyň ret edilendigi barada hatda duýdurylmandygyny aýdýar: "Olar bizi Moskwa getirip, bütinleý ýalňyzlykda goýup gitdiler. Biziň aglabamyzyň dokumetlerimiz doly düzüwem däldi, şol sebäpläm olar bizi serhetde uzak wagtlap sakladylar. Norwegiýalylar öz wezipeleriniň bizi Orsýetiň resmilerine gowşurmak bolandygyny aýtmak bilen çäklendiler”.
Öz adyny doly aýtmakdan saklanan Magomed häzir Çeçenistanda öz gartaşan ene-atasy bilen pulsuz, işsiz ýaşaýar. Ol häzir kömek üçin kime ýüz tutjagynam bilenok.
Magomediň düşen bu güni adatdan daşary bir ýagdaý däl. Onuň Norwegiýadan çykarylan gijesi başga-da 50 maşgalanyň agzasy bu ýurtdan deport edildi.
Norwegiýada hökümetiň bikanun immigrantlara garşy alyp barýan göreşi netijesinde soňky döwürde ýurtdan deport edilmek ýa-da gaçybatalga gözleýänleriň arzasyny ret etmek ýaly ýagdaýlar juda ýokary derejä ýetdi.
Norwegiýanyň immigrasiýa boýunça direktoratynyň 2009-njy ýylyň ýanwary – 2011-nji ýylyň fewraly aralygy boýunça berýän sanlaryna syn edilse, onda ilatynyň aglabasy musulman bolan döwletlerden we regionlardan, şol sanda Owganystandan, Yrakdan we Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz döwletlerinden gaçybatalga gözleýänleriň arzalaryny ret etmek derejesiniň beýlekiler bilen deňeşdirlende (prosent derejesinde) juda köpdügini görmek bolýar.
Norwegiýanyň nygtamagyna görä, şahsyň ýurdunda onuň janyna howp ýa-da sütem abanýan bolsa, “ýa-da zulmuň başga görnüşlerine” sezewar edilmek howpy bar bolsa, diňe şol ýagdaýlarda olara gaçybatalga berilýär.
Emma Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça komissary Tomas Hammarber Norwegiýanyň yrak immigrantlaryny Yragyň bäş welaýatyna ýollamagyny ýazgardy. Bu sebitler Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Komissarlygynyň aýtmagyna görä, gaçybatalga gözleýänleriň dolanmagy üçin juda howply.
Antipatiýa döredi
Soňky ýyllarda Ýewropanyň demirgazyk döwletlerinde gaçybatalga bermek düzgünleri boýunça jedeller ýüze çykyp başlady. 2005-nji ýylda Daniýada çap edilen karikaturalar sebäpli Daniýanyň Siriýadaky, Liwandaky, Eýrandaky ilçihanalarynyň otlanmagy we asly yrakly janyndan geçen hüjümçiniň özüni dekabrda Stokgolmada partlatmagy ýaly wakalar netijesinde gaçybatalga gözleýän musulmanlara garşy bu ýurtlarda antipatiýa döredi.
Geçen ýyl Norwegiýa hökümetiniň hemaýaty bilen 1,444 sany gaçybatalga gözleýän we bikanun migrantlar öz islegleri boýunça ýurtlaryna dolandylar. Bu dolananlaryň üçden biri yrakly.
Emma Magomed ýaly gaçybatalga gözleýänleriň ýurtdan zor bilen çykarylýanlarynyň sany-da juda artdy. Şu ýylyň başky iki aýynda 71 sany yrakly Norwegiýadan deport edildi. Bu görkeziji tutuş 2009-njy ýyldakydan hem köpdür.
Demirgazyk Kawkaz respublikalaryndan we Demirgazyk Osetiýadan gaçybatalga gözleýänleriň zor bilen Orsýete ugradylmagy-da köpeldi. Şu ýylyň başky iki aýynyň dowamynda Norwegiýadan eýýäm 102 adam Orsýete deport edildi. Bu san tutuş 2010-njy ýylda Norwegiýadan Orsýete ugradylanlaryň sanyna deňdir.
Eýranyň adam hukuklaryny goraýjy hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň aýtmagyna görä, Norwegiýa resmileri 19 ýaşly eýranly kürt Rahim Rostame gaçybatalga bermekden ýüz öwrüpdirler we fewralda ony yzyna – Eýrana ugradypdyrlar. Häzir Rahim Eýranyň türmesinde saklanylýar.
Norwegiýanyň immigrasiýa boýunça direktoratanyň maglumatyna görä, 2009-njy ýylyň ýanwary bilen 2011-nji ýylyň 28-nji fewraly aralygynda Owganystandan, Yrakdan we Orsýetden 8,289 adam Norwegiýadan gaçybatalga sorapdyrlar. Şol döwrüň dowamynda 6,111 adama gaçybatalga bermekden ýüz öwrülipdir.
2009-njy ýylyň ýanwary bilen 2011-nji ýylyň 28-nji fewraly aralygynda Türkmenistandan hem 7 adam Norwegiýadan gaçybatalga sorady, olardan ikisine razylyk berilmedi.