Türkmenistan alada döredýän ýurtlaryň sanawynda

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistan halkara borçnamalary öz üstüne alan döwlet.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi Adam hukuklary we demokratiýa boýunça täze hasabatyny ýaýratdy. 2010-njy ýyla degişli bu hasabatda Türkmenistan alada döredýän ýurtlaryň arasyna girizilipdir.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Adam hukuklary we demokratiýa boýunça 2010-njy ýyla degişli hasabatynda alada döredýän ýurtlardan düzülen sanawa jemi 26 ýurt girýär we bu meselede Türkmenistana Owganystan, Belarus, Birma, Kuba, Demirgazyk Koreýa we Somali ýaly döwletleriň hatarynda garalýar.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag 31-nji martda Adam hukuklary we demokratiýa boýunça hasabatyň çap edilmegi bilen baglanyşykly çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, hasabatdaky sanawa her üç aýdan gaýtadan garalar.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistan halkara borçnamalary öz üstüne alan döwlet. Graždanlaryň adam hukuklarynyň berjaý edilmegi ýurduň Baş kanunynda hem kepillendirilýär. Muňa garamazdan, soňky hasabatda Türkmenistana alada döredýän ýurt hökmünde garalýar.

Näme sebäpden?

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylky hasabatynda bellenişine görä, Türkmenistana alada döredýän ýurtlaryň hatarynda garalmagynyň sebäbi ilkinji nobatda bu ýurtda kanunlaryň ýerine ýetirilişindäki kemçilikler bilen bagly.

Hasabatda 2010-njy ýylda bolan pozitiw ädimler hökmünde katolik buthanasynyň hasaba alnanlygy, täze Jenaýat prosessual kodeksiniň kabul edilenligi bellenilýär. Emma esasy ünsüni kanunlary täzelemek işine gönükdirýän türkmen hökümeti reformalary geçirmek niýetini yzygiderli äşgär edip gelse-de, takyk öňegidişlikler babatynda onuň iş ýüzünde örän ujypsyz netije gazananlygy aýdylýar.

Britaniýanyň Daşary syýasat edarasynyň hasabatynda Türkmenistandaky agyr meseleleriň arasynda gynamalar, tutha-tutluklar, türmelerdäki agyr şertler, adam hukuklaryny goraýjylara edilýän basyşlar, söz, din we ynanç azatlyklarynyň çäklendirilmegi ýaly problemalarda durup geçildi.

Hukuklary depelemegiň netijeleri

Hasabatda 2011-nji ýyl boýunça käbir çaklamalar hem öňe sürüldi. Hususan-da, dünýädäki ýagdaýlara üns bilen syn edýän türkmen hökümetiniň reformalar syýasatyny has uly depginde dowam etdirjegine umyt bildirildi we bu ugurdan adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hag 31-nji martda eden çykyşynda adam hukuklarynyň Britaniýanyň daşary syýasatynyň aýrylmaz bolegi bolup durýanlygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada bolan gozgalaňlar adamlaryň esasy hukuklaryna edilýän basyşlaryň berýän netijelerini görkezdi.

Britaniýanyň daşary işler ministriniň sözlerine görä, 2011-nji ýylyň adam hukuklary we demokratiýa meselesinde taryhy ýyl bolmagy ähtimal. Britaniýa mundan eýläk-de has açyk jemgyýetleri, syýasy gurluş we ählumumy gymmatlyklar babatynda progrese ymtylýanlary goldamagyny dowam etdirer.

Nämä garaşylýar?

Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň baş redaktory Jon MakLoudyň pikirine görä, Tükmenistanyň yglan edýän reformalarynyň çäginde amala aşyrýan häzirki ädimleri, ýurduň adam hukuklarynyň ýagdaýyna berilýän bahalaryň gowulanmagy üçin ýeterlik däl.

“Türkmenistan hiç bolmanda daşary ýurt habar serişdeleriniň ilat üçin elýeterli bolmagyna, adamlaryň erkin syýahat etmegine, hokümete degişli bolmadyk toparlaryň, şol sanda adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň döredilmegine, adamlaryň tussag edilmek gorkusy bolmazdan hereket etmegine ýol bermek ýaly ädimlerden başlamaly” diýip, MakLoud aýdýar.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Adam hukuklary we demokratiýa boýunça hasabatynda aýdylşyna görä, Britaniýa türkmen hökümeti bilen gepleşiklerinde adam hukuklaryna hormat goýulmagynyň, syýasy köppikirlilige şert döredilmeginiň we graždan jemgyýetçiligine ýol berilmeginiň ähmiýetini nygtamagyny dowam etdirmekçi.

Britaniýanyň hökümeti Halkara Gyzylhaç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň wekilleriniň türkmen türmelerine goýberilmegini gazanmak üçin Türkmenistanyň hökümetine basyş etmegini-de dowam etdirmekçi.