Ýemeniň paýtagtynda tarapdarlar we garşylar demonstrasiýa edýär

Ýemeniň paýtagty Sanada prezident Ali Abdullah Salehe tarapdarlaryň we garşylaryň köpçülikleýin demonstrasiýalary bolýar.

Oba ýerlerinden gelen perzident tarapdarlarynyň onlarça müňüsi şäheriň meýdançalaryna toplandy.

Ali Saleh köşgüň daş işiginde mähellä ýüzlenip eden gysgaça çykyşynda, köpçülikleýin goldawa guwanjyny bildirip, öz halkyny gorajagyny aýtdy.

Şularalykda hökümete garşy demonstrantlaryň hem müňlerçesi şäheriň esasy meýdançasyna toplandy. Olar 32 ýyl häkimiýet başynda bolan prezidentiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Esgerler, zorlukly wakalaryň ýüze çykmagyndan gorkup, meýdançanyň daşynda barlag nokatlaryny gurdular.