Açylyş dabaralarynyň aladalary

Ruhabat etrabyndaky ýag kärhanasynyň açylyşyndan, 17-nji maý 2010-njy ýyl.

Ýurduň ähli welaýatdyr etraplarynda haýsydyr bir gurluşygyň düýbi tutulanda ýa-da gurluşygy tamamlanan binanyň açylyşy bilen bagly dabaralarda döwlet baştutanynyň gatnaşmagy Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri däbe öwrüldi.

Bu dabaralar paýtagtda häli-şindi gaýtalanmak bilen, okuwçyny okuwdan, işgäri işinden çetleşdirdi, ýa bolmasa ilatyň erk-ygtyýaryny elinden almagyň bir mysalyna öwrüldi. Aşgabatly ýaşaýjy Enebaý daýzanyň aýtmagyna görä, her bir açylyş dabarasyna barmaly mekdep okuwçylary daňdan sagat 4-de 5-de turup, dabara gitmek üçin şaýlaryny tutup ugraýarlar.

Mekdebiň golaýragynda ýaşaýan okuwçylar awtobusa garaşmak kynçylygyndan halas bolsalar-da, mekdepden uzagrakda ýaşaýan çagalary ene-atalary awtobus duralgalaryna çenli ugratmaly bolýarlar. Mekdep formasynda geýinmeli çagalar daň çigregine üşäp, awtobusyň gelerine garaşyp durýarlar.

Çagalarynyň howpsuzlygyny alada edýän ene-atalar hem ukudan galýarlar. Işlemeýän öý hojalykçy ene-atalar gündiz ýatyp, dem-dynç alyp bilýärler. Emma işe gitmeli ene-atalar hem daňyň süýji ukusyndan galyp, uzakly gün iş sagadynyň gutarmagyna sabyrsyz garaşýarlar. Beýle ýagdaýda hem ene-atalar horlanýar, hem çagalar.

Çagalaryň öňünde garaşylmaýan negatiw ýagdaýlar hem ýüze çykýar. “Howdan” ýaşaýyş jaý massiwindäki mekdepleriň birinde okaýan gyz agtyjagynyň başyna düşen ýagdaý barada hem ýatlap, Enebaý daýza şeýle gürrüň berdi: «Mekdep öýümize golaý bolansoň, özi gider diýip, nobatdaky açylyş dabarasyna gitmeli agtyjagymy gapydan çykaryp ugratdym. Kellämi ýassyga goýanyma 10-15 minut geçmänkä gapy batly-batly kakyldy. Gapyny açanymdan agtyjagym ýüzüni ak tam edip öýe kürsäp girdi. Onuň näme diýýändigine zordan düşündim. Görüp otursam, daňdanyň ümüş-tamşynda 15 ýaşly agtyjagymy bir näkes erkek kişi kowalan bolsa nätjek. Hernä çöregimiz bitin eken, agtygym gaçyp, özüni zordan öýe atypdyr. Şondan bäri men ony hiç bir dabara göýbermejegimi mekdep direktoryna kesgitli aýtdym».

Saglyk pudagynyň işgärleri

«Açylyş dabaralarynyň hiç birisini hem biri-birinden pes goýar ýaly däl. Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasy bolsa has hem mahabatly boldy» diýip saglyk pudagynyň işgäri Mähri gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä bu açylyşda iň bir horluk çeken işgärler saglyk pudagynyň işgärleri bolupdyr.

Çandybil şaýolunyň ugrunda düzülen janly koridoryň agramly bölegi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bolmak bilen, Mähriniň özi gijeki nobatçylykdan soň bu dabara ugradylypdyr. Günortan sagat 15-de başlanjak açylyş dabarasy üçin ir ertirden aýak üstünde duran saglyk pudagynyň işgärlerine köýnekleriniň üstünden diňe ak halat, başlaryna ak başgap geýmek görkezme berlipdir.

Baharyň howasy hoştap bolsa-da, günüň öýläne agmagy bilen, howa çigrekläp, dagyň eteginde gurlan ýoluň boýuna düzülen adamlary gagşadyp başlapdyr. Agşam sagat 20 töweregi feýrwerkler asmana atylýança ýoluň gyrasyndaky arça tokaýlygynyň içine birnäçe gezek ogrynça girip-çykyp, olar zerur hajatlaryny berjaý etmeli bolupdyrlar. Uludygyňa-kiçidigiňe seretmezden, hatda zeruriýetiňe hem rugsat berilmeýänliginden nalap, käbir zenanlaryň ýoluň ýakynyndaky taşlanan äpet turbalaryň içine girip, biraz ýylynandyklaryny, agşam sagat 22-de zordan özlerini öýe atandyklarny hem ol sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagtyň ägirt özgertmelere eýe bolýandygyny, her bir taýyn binanyň, her bir amala aşyrylýan işleriň ýaşaýjylaryň bähbidi üçin ähmiýetiniň bardygyna buýsanýandyklaryny aýtmak bilen, edilýän işleriň mazasynyň halkyň aňyna ýakymly ornamagy üçin ilata häzirki berilýän jebri-jepadan el çekilmelidigni açylyş dabaralaryna gatnaşýanlaryň her biri aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.