ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telewideniýeden eden ýüzlenmesinde özüniň Birleşen Ştatlaryň Liwiýadaky harby interwensiýany oňlamak kararyny gorady. Ol: “Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary tarapyndan edilen iş gyrgynçylygyň öňüni aldy” diýdi.
Amerikan prezidenti Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä oppozision güýçlere we parahat ilata edýän zabun hüjümlerini duruzmagy üçin pursat berlensoň, özüniň we Waşingtonyň ýaranlarynyň herekete geçmek kararyna gelendigini aýtdy.
Gyrgynçylygyň öňi alyndy
Obama: “Ol duruzmagyň deregine bu hüjümleri güýçlendirdi” diýdi. “Biz ýene bir gün garaşsak, 700 müň ilatly Bengazi şäheriniň gyrgynçylykdan ejir çekjegini, munuň hem tutuş regiona täsir edip, dünýäniň wyždanyny garaltjakdygyny bilýärdik. Bu işe ýol bermek biziň milli bähbidimize däldi”.
Obama sözüne şeýle dowam etdi: “Men bu işi ret edip, dokuz gün mundan ozal Kongresiň iki partiýadan durýan ýolbaşçylary bilen pikir alşyp, adamlaryň öldürilmeginiň öňüni almak, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1973 belgili kararyny durmuşa geçirmek üçin harby herekete geçilmegine idin berdim” diýip, Obama aýtdy.
Amerikan prezidenti Obama Waşingtonyň Milli goranyş uniwersitetinde eden çykyşynda Liwiýanyň ýolbaşçysyny “tiran” diýip häsiýetlendirdi. Ol: “Kaddafiniň gyrgynçylykly öňe süýşmesini duruzdyk diýip, bu gije aýdyp bilýärin” diýdi.
Owganystanda we Yrakda uruş alyp barýan ýurda ýüzlenýän Obama özüniň Amerikanyň harby güýçleriniň beýle işlere goşulmagyny çäklendirmek barada ozal beren wadasynda durandygyny aýtdy. Ol: “Çalt ilerleýän bu missiýanyň ýolbaşçylygyny 30-njy martda, çarşenbe güni, NATO alar” diýdi.
Halkyň pikiri
Prezident Barak Obama, Birleşen Milletler Guramasynyň uçuş gadagan zona baradaky rezolýusiýasyny goldamzdan öň, kanun çykaryjylar bilen ýeterlik pikir alyşmanlykda Kongresdäki esasy syýasy partiýalaryň ikisi tarapyndan hem tankytlandy.
Geçirilen pikir soralyşyk boýunça, harby interwensiýa halkyň 47 prosenti dogry diýse, 36 prosenti nädogry diýýär. Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary Kaddafini häkimiýet başyndan aýyrmak barada iş alyp barmaly diýýänler hem 46 prosent. Ýöne Obama Kaddafini zorluk bilen agdarmaga berk garşy. Ol bu barada Yrakdaky ýaramaz tejribä salgylanýar.
“Režimi çalşyrmagy maksat edinip, harby missiýamyzy giňeltmek ýalňyşlyk bolar. Meniň Liwiýa halkyny abanýan howpdan goramak we uçuş gadagan zonany döretmek üçin öz güýçlerimize beren tabşyrygym BMG-niň mandatyna we halkara goldawyna daýanýar. Liwiýa oppozisiýasynyň hem bizden sorany şu. Kaddafini zor bilen agdarjak bolsak, koalisiýamyz bölüner. Ýurda amerikan esgerlerini salmaly bolmagy ýa howadan edilýän hüjümlerde parahat ilatdan köp adamlaryň gyrylmagy-da ähtimal” diýip, Obama öz pikirini aýan etdi.
Amerikan prezidenti munuň deregine özüniň Birleşen Ştatlar we onuň NATO boýunça ýaranlarynyň Kaddafiniň häkimiýeti terk etjek gününi çaltlandyrmak üçin režime ýarag we pul barmagynyň öňüni alyp, oppozisiýa kömek etmegi ileri tutýandygyny bildirdi.
Arap dünýäsindäki gozgalaňlar
Obama sözüniň soňunda ünsüni Liwiýadaky wakalara we arap dünýäsinde barýan gozgalaňlara gönükdirdi. Ol: “Täze nesil indi öz hukuklaryndan we mümkinçiliklerden mahrum edilmegini islänok” diýdi.
Häzir Siriýadan başlap, tä Iordaniýa çenli, Bahreýnden tä Ýemen çenli araplar özboluşly oýanyş pursatyny başdan geçirýärler. Ýöne Obamanyň pikiriçe, netije hemme ýerde deň bolmaz.
“Öňegidişlik deň bolmaz. Dürli ýurtlarda özgeriş hem tapawutly bolar. Müsür ýaly ýerler bar. Bu ýerde bolýan özgerişler bizi ruhlandyryp, bize umyt berse, Eýran ýaly ýerlerde hem özgeriş berk basylyp ýatyrylar. Graždan konfliktiniň gara güýçleriniň, dürli toparlaryň arasynda uruş turmagynyň öňi alnyp, kynçylykly syýasy we ykdysady aladalar nygtalmaly” diýip, Obama aýtdy.
Soňra ol şeýle diýdi: “Bu özgerişiň ädimi we möçberi barada Birleşen Ştatlar buýruk berip bilmez. Bu işi diňe regionyň öz halky edip biler. Ýöne biz bu ýagdaýlary biri-birinden tapawutlandyryp bileris. Men bu özgerişi indi yza öwrüp bolmajakdygyna ynanýaryn”.