25-nji martda Gyrgyzystanyň birnäçe türmelerindäki tussaglar açlyk yglan etdiler.
Tussaglar açlyk yglan etmekleriniň sebäplerini türmelerdäki agyr ýagdaýlar bilen düşündirýärler. Türme boýunça ýolbaşçylar we tertip-düzgüni goraýjy organ işgärleri bolsa munuň hökümetiň jenaýat dünýäsine garşy başlan hereketine jogapdygyny bildirdiler.
26-27-nji martda tussaglaryň garyndaşlary hökümet öýüniň, ýagny “Ak öýüň” öňüne mitinge çykyp, türmelerde açlyk yglan eden tussaglaryň talaplarynyň berjaý edilmegini talap etdiler.
Mitinge gatnaşyjylaryň göterip duran plakatlarynda “Türmelerdäki güýç ulanmalary we eden-etdilige ýol berilmegini bes etmeli!”, “Amnistiýa yglan edilmegini talap edýäris” diýen ýaly şygarlar ýazyldy.
Mitinge gatnaşyjylar bilen türmelerdäki ýagdaýlara ýörite gözegçilik edýän prokuraturanyň wekili Emil Bazarkulow duşuşdy. Onuň sözlerine görä, tussaglar türmelerdäki şertlerden närazy däl, bu ýerde başga sebäpler bar.
Kim günäkär?
Türmelere gözegçilik edýän ýörite prokuror Kuban Mamakeýew tussaglaryň däri-derman, nahar bilen doly üpjün edilýändigini aýtdy: “Tussaglara her gün ertirlik, günortanlyk we agşam naharyny taýynlap berilýär. Emma tussaglar nahara gelmeýärler. Bu ýerde kim günäkär? Häzir güýçlendirilen režimde iş alyp barýarys. Däri-derman kän. Dermanlary düýn hem tussaglara dargatdyk. Hemmesine gözegçilik edýäris. Olar berlen nahary iýmeseler, biz günäkärmi?”
Oş şäherindäki tussaglaryň wagtlaýyn saklanýan bölüminde oturan özüni “Aksakal”diýip tanyşdyran adam prokuraturanyň açlyk yglan eden tussaglaryň talaplaryny resmi häkimiýetlere bilgeşli ýetirmeýändigini aýtdy: “Milisiýa işgärleri ýöne ýerden adamlary urman, eger-de ol jenaýatçy bolsa ony, kanuna görä, ele salmaly. Günäkäriň günäsi, delillendirilip, boýnuna goýulsyn. Sud organlary-da dogry, adalatly karar çykarsynlar ”.
Türmelerdäki närazylyk aksiýalary 25-nji martdan bäri dowam edýär. Türmeler boýunça ýolbaşçylaryň biri Kazybek Ümetowyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, açlyk yglan edenleriň esasy bölegi No: 1,3,8,10,16,19-njy türmelerde oturanlardan ybarat.
Türmelerdäki bu ýagdaýy güýç ulanmazdan, gepleşik geçirmek arkaly çözmek planlaşdyrylýar.
Gyrgyzystanda 11 türme 6 sany tussaglaryň wagtlaýyn saklanýan, ýagny derňew izolýatory bar. Resmi maglumatlara görä, gyrgyz türmelerinde 12 müňden gowrak tussag saklanýar.
Açlyk aksiýalaryny tussaglaryň garyndaşlary, türmedäki şertler we bikanun hereketler bilen baglanyşdyrsalar, türmeler boýunça ýolbaşçylaryň käbir wekilleri oňa jenaýat dünýäsiniň wekilleriniň hereketi diýýärler. Muňa soňky döwürde ýurtda guramaçylykly jenaýatçylykly toparlara garşy alnyp barylýan göreşiň sebäp bolandygy-da aýdylýar.
26-27-nji martda tussaglaryň garyndaşlary hökümet öýüniň, ýagny “Ak öýüň” öňüne mitinge çykyp, türmelerde açlyk yglan eden tussaglaryň talaplarynyň berjaý edilmegini talap etdiler.
Mitinge gatnaşyjylaryň göterip duran plakatlarynda “Türmelerdäki güýç ulanmalary we eden-etdilige ýol berilmegini bes etmeli!”, “Amnistiýa yglan edilmegini talap edýäris” diýen ýaly şygarlar ýazyldy.
Tussaglaryň garyndaşlary açlyk aksiýalaryny türmedäki şertler we bikanun hereketler bilen baglanyşdyrýarlar.
Türmede oturan ogly üçin mitinge çykandygyny aýdan bişkekli Jumagül Tümenbaýewa mitinge gatnaşyjylaryň talaplaryny şeýle düşündirdi: “Biziň türmedäki ogullarymyzyň talaplaryny ýerine ýetirsinler. Biz şony talap edip çykdyk. Bize başga zat gerek däl. Türmelerde oturan tussaglara üns berilmeýär. Olarda kadaly şertler we däri-dermanlar ýok. Türmeden çykan tussaglary gaýtadan ýene-de türmä basýarlar. Türmelerde tussaglaryň ýagdaýlarynyň ýaramaz bolanlygy zerarly tussaglaryň köpüsiniň ol ýerden ölüsi çykýar. Meniň ýaşajyk inimiň ölüsi çykdy ”. Mitinge gatnaşyjylar bilen türmelerdäki ýagdaýlara ýörite gözegçilik edýän prokuraturanyň wekili Emil Bazarkulow duşuşdy. Onuň sözlerine görä, tussaglar türmelerdäki şertlerden närazy däl, bu ýerde başga sebäpler bar.