Liwiýa: gozgalaňçylar paýtagta tarap hereket edýärler

Gozgalaňçylar Bin Jawadyň golaýyndaky Sirte şäherine tarap barýarlar, 28-nji mart.

Geçen agşam Muammar Kaddafiniň dogduk ýeri Sirte Halkara koalisiýa güýçleriniň howa hüjümine sezewar boldy. Munuň bilen bir hatarda gozgalaňçylar ýurduň günbataryna, paýtagt Tripolä tarap hereket edýärler.

Gozgalaňçylaryň aýtmagyna görä, olar Sirteni öz ellerine alypdyrlar. Emma, ol ýerdäki “Reuters” habar agentliginiň žurnalistiniň sözlerine görä, gozgalaňçylaryň bu beýanatlaryna subutnama ýok.

Gozgalaňçylaryň aýtmagyna görä, olar Sirteni öz ellerine alypdyrlar.
Liwiýa hökümetiniň metbugat wekili Mussa Ibrahimiň berýän maglumatyna görä, koalisiýa güýçleriniň Sirtä eden howa hüjümlerinde parahat ilatdan üç adam ölüpdir.

Gowuşýan habarlara görä, Kaddafä ygrarly güýçler yza çekilip başlapdyrlar. Şeýle-de Liwiýanyň harby liderleri we diplomatlary oppozisiýanyň tarapyna geçipdirler. Oppozisiýanyň metbugat wekili Şamsuddin Abdulmolahyň aýtmagyna görä, olar Sirte girenlerinde Kaddafiniň tarapdarlary berk garşylyk görkezmändirler.

Halkara koalisiýanyň howa hüjümleriniň goldawy bilen gozgalaňçylar Liwiýanyň gündogar port şäherleri Ras Lanufy, Bregany, Ukaýlany we Bin Jawady öz gözegçiliklerine geçirdiler. Şeýle-de gozgalaňçylaryň ýurduň gündogaryndaky möhüm nebit terminallaryna hem kontrollyk edýändikleri habar berilýär.

27-nji martda NATO Liwiýadaky Halkara koalisiýanyň harby operasiýalaryna doly gözegçiligi öz üstüne alýandygyny yglan etdi. NATO-nyň Baş sekretary Andres Fog Rasmusseniň aýtmagyna görä, ýaranlyk “parahat ilaty we howp astyndaky asuda ilatly regionlary Kaddafiniň režiminiň hüjümlerinden goramagy” maksat edinýär.

Kaddafiniň hökümetiniň aýtmagyna görä, koalisiýa güýçleriniň bir hepdä golaý wagt bäri dowam edýän howa hüjümleri sebäpli, parahat ilatdan 100-den gowrak adam ölüpdir. Koalisiýanyň resmi wekilleri bulary ret edýärler.

Ýekşenbe güni Tripolide gurnalan metbugat konferensiýasynda Liwiýa hökümetiniň metbugat wekili Ibrahim Mussa NATO-ny tarapgöýlik edýänlikde aýyplady.

"NATO ýakyn geljekde özi üçin syýasy gepleşikleri geçirmäge oňaýly şertleri döretmekden ötri, adamlary öldürmäge, harby türgenleşik lagerlerini we harby nokatlary, şeýle-de beýleki ýerleri ýok etmäge taýýar” diýip, Ibrahim Mussa nygtady.

Emma, Rasmusseniň bellemegine görä, NATO parahat ilaty goramak üçin alada edýär.