Gürjüstana barýan türkmen migrantlary uly kynçylyklary başdan geçirýärler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Gürjüstanda 2024-nji ýylda bolan parlament saýlawlaryndan soň, bu ýurda sapar edýän türkmenistanly migrantlaryň sany artypdyr. Azatlyk Radiosynyň Migrant Media proýektine gowuşýan maglumatlara görä, dürli sebäplere görä Russiýada galyp bilmeýän türkmenistanly migrantlaryň köpüsi Abhaziýa arkaly Gürjüstana iş maksatlary üçin barýarlar. Migrantlaryň gürrüň bermegine görä, olar Abhaziýadan geçmek üçin para bermeli, Gürjüstana baranlarynda jerime tölemeli bolýarlar. Wideo: “Azatlyk Radiosynyň MigrantMedia Taslamasy”