Rus prezidenti Wladimir Putin öz harbylarynyň Ukrainada täze, orta aralyk raketasyny ulanandygyny aýtdy. Biraz öň, Kiýew bu ýaragyň yklymara ballistik raketasy bolandygyny aýdypdy.
Putin 21-nji noýabrda beren wideo beýanatynda täze ýaragyň ulanylmagynyň Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň Kiýewe Russiýanyň içinde uzak aralyk ýaraglaryny ulanmaga rugsat bermegine jogap hökmünde bolandygyny aýtdy.
“Söweş şertlerinde, Russiýanyň iň täze orta aralyk raketa ulgamlarynyň birisi synagdan geçirildi” diýip, Putin aýtdy. Ol bu ýaragyň ýadro ýaragyny götermäge ukyply gipersonik we ballistik raketa bolandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Biraz öň, Kiýew Russiýany ‘Ukrainada yklymara ballistik raketa ulanmakda’ aýyplapdy.
Rus hüjüminiň esasy nyşanasy Ukrainanyň iň möhüm senagat merkezi bolan Dnipropetrowsk we günorta-gündogar sebitiň paýtagty Dnipro şäheri boldy.
Uzak aralyk ýadro zarbalaryny urmaga niýetlenen yklymara ballistik raketalar uruşda mundan ozal hiç haçan ulanylmandy.
Degişli maglumat Russiýa Ukraina eden “uly” hüjüminde kontinentara ballistik raketasyny ulandy - Kiýew"2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda, irden ... rus goşunlary Dnipro şäherine (desgalara we möhüm infrastruktura) dürli görnüşli raketalar bilen hüjüm etdiler. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinden kontinentara ballistik raketasy atyldy" diýip, Harby- howa güýçleri Telegramda eden beýanatynda aýtdy.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski biraz soň Telegramda rus ýaragynyň “tizlik, beýiklik babatynda yklymara raketanyň aýratynlyklaryna eýe bolandygyny” aýtdy.
Pentagonyň metbugat sekretary Sabrina Singh Russiýanyň “RS-26 Rubež” yklymara ballistik raketasyna esaslanýan “synag” orta aralyk ballistik raketasy bilen Ukraina zarba urandygyny aýtdy.
Ol Russiýanyň hüjüm amala aşyrmazdan sähel öň, özüniň synag raketasyny ulanjakdygy barasynda “ýadro töwekgelçiligini azaldyş kanallarynyň” üsti bilen Birleşen Ştatlara habar berendigini aýtdy.
Ol täze ýaragyň raketa başynyň Russiýanyň Ukrainada ozal ulanan raketalary bilen deňeşdirilende has kiçi bolandygyny aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran bir ABŞ resmisi media serişdelerine Putiniň Ukrainany gorkuzmak isleýändigini, ýöne Moskwanyň “synag” raketalarynyň sanynyň az bolandygyny aýtdy.
Bu aralykda, Ukrainanyň Sumy sebitine edilen rus zarbalarynda iki adam öldi başga-da 12 adam şikeslendi.
“22-nji noýabrda Sume sebitine edilen rus zarbalarynda iki adam öldi, 12 adam ýaralandy” diýip, demirgazyk-gündogar ukrain şäheriniň häkimi Artýom Kobzar özüniň Telegramda beren wideo beýanatynda aýtdy.
“Sumyda birnäçe güýçli partlamalar eşidildi” diýip, ol wideo çykyşynda aýtdy we halas ediş toparlarynyň, polisiýanyň hem-de tiz kömek ulaglarynyň partlamanyň bolan ýerine iberilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Kobzar howa goranyş ulgamlarynyň irden heniz hem hüjüme geçen dronlary serpikdirýändigini aýdyp, ýaşaýjylary gaçybatalgalarda galmaga çagyrdy.
Ukrainanyň howa güýçleri dört sebitde – Sumy, Kiýew, Çernihiw we Žytomyr sebitlerinde – rus dron hüjümleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan esger getirmegi 'Howply we durnuksyzlaşdyryjy' - OstinBu aralykda, “The Wall Street Journal” günbatarly resmilere salgylanyp, Russiýanyň Kursk sebitinde ýokary derejeli bir demirgazyk koreýa generalynyň ýaralanandygyny habar berýär.
Kurskda 10 müňden gowrak demirgazyk koreýaly esgerler rus güýçlerine goldaw berýär.
Prezident Wladimir Putin Ukrainanyň awgust aýynda Kursk sebitinde ele geçiren ýerlerini, prezident Donald Tramp öňümizdäki ýylyň başynda iş başyna geçmezden, yzyna gaýtaryp almagy umyt edýär.
Birleşen Ştatlary şu hepde Ukraina Kurskdaky rus obýektlerine zarba urmakda uzak aralyk ATACAMS raketalaryndan peýdalanmaga rugsat berdi we ol ýerdäki demirgazyk koreýa esgerleriniň hem kanuny nyşanalar boljakdygyny aýtdy.
Demirgazyk Koreýa generalynyň nädip ýaralanandygy mälim däl diýip, WSJ habar berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.