Aşgabatda arzan ýagyň satylmagy welaýatlylary paýtagta iterýär

Döwlet dükanyna nobat. Aşgabat (Arhiw suraty)

Aşgabatda günebakar ýagynyň arzan bahadan söwdasy ýola goýuldy. Tutuş ýurt boýunça ösümlik ýagynyň gytalmagynyň we gymmatlamagynyň fondunda paýtagtda birden arzan ýagyň satuwda peýda bolmagy welaýat ýaşaýjylarynyň ýag satyn almak üçin paýtagta köpçülikleýin gatnamagyna sebäp boldy. Bu barada Azatlygyň habarçylary 1-nji noýabrda habar berdiler.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda satylýan günebakar ýagynyň bir litri 18 manat diýlip görkezilýär. Bu ýagyň hyrydary iňňän köp bolýar. Nobata duran alyjylaryň arasynda Aşgabadyň etegindäki obalaryň ýaşaýjylary we hatda beýleki welaýatlardan gelenler kän.

"Paýtagt bilen oba ýerleriniň üpjünçiliginiň we durmuşynyň arasynda ägirt uly tapawut bar. Munuň netijesinde oba ilatynyň paýtagta azyk migrasiýasy döredi. Şu günler bu hasam göze ilýär" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berýär.

Degişli maglumat Günebakar ýagy has gymmat bahadan satuwda peýda boldy

Oba ýerlerinde döwlet dükanlarynda günebakar ýagynyň satuwda peýda bolan wagtynda onuň bir litri 25 we 30 manat aralygynda bahalanýar.

"Hut şonuň üçin obalaryň ýaşaýjylary günebakar ýagyny satyn almak üçin paýtagta köpçülikleýin gelmeli bolýarlar" diýip, çeşmeler belleýär.

Emma paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýag diňe "propiska" ýazgysy boýunça satylýar.

Paýtagtyň dükanlarynda satyjylar alyjylaryň pasportyny barlap, paýtagtlylara her adam başyna bir litr günebakar ýagyny satýarlar. Bu ýagdaýda paýtagtda ýazga durmadyk alyjylar, aşgabatlylardan ýag satyn almagy haýyş edýärler. Aşgabatdaky habarçymyza görä, häzir şeýle ýagdaýa köp duş gelse bolýar.

Aşgabatly çeşmeler ösümlik ýagynyň birden arzan bahadan satylyp başlanmagyny we bu söwdanyň diňe paýtagt bilen çäklenmegini häkimiýetleriň azyk krizisini ýaşyrmak synanyşygy bilen düşündirýärler.

"Daşary ýurt habar beriş serişdelerinde, Azatlyk Radiosynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy barada berlen habarlaryň yzýany häkimiýetler paýtagtda, ýagny ähli daşary ýurtlylaryň ýerleşýän ýerinde döwlet dükanlarynda günebakar ýagyny bir litrini 18 manatdan satuwa çykardy. Türkmen hökümeti gözboýagçylyk syýasatyndan el çekmeýär" diýip, söwda wekili aýdýar.

Türkmenistanda günebakar ýagy oktýabryň başynda birden esli gymmatlady we satuwdan aýryldy. Iki hepdeläp günebakar ýagynyň hiç bir görnüşi ne döwlet dükanlarynda, ne-de hususy söwda nokatlarynda boldy. Oktýabryň ortalarynda günebakar ýagy gaýtadan satylyp başlady we öň 18 manada duran arzan ýagyň bir litri 36 manatdan satyldy, daşary ýurtly ösümlik ýagynyň bahasy 68 manada çenli ýetdi.

Soňky günlerde Lebabyň döwlet dükanlarynda hem günebakar ýagynyň arzan görnüşi satylyp başlapdyr.

Azatlygyň gündogar welaýatyndaky habarçysy Türkmenabatda we oňa ýakyn bolan etraplarda döwlet dükanlarynda Russiýada öndürilendigi aýdylýan rafinirlenen günebakar ýagy satuwa çykarylyp, onuň 20 manatdan satylýandygyny 1-nji noýabrda habar berdi. Emma ýerli çeşmeler ýagyň ysynyň ýakymsyzdygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Azygyň gymmatlamagy, bahalaryň durnuksyzlygy ilaty howatyrlandyrýar

“Diwo Altaýa atly günebakar ýagy satylýar. Gabyň arkasynda, 'Dezodarirlenen' diýilip ýazylgy. Emma, gabyň agzyny açdygyň, köýdürilen polimer-rezinyň ysy bilen garyşan turşan gatygyň ysy gelýär" diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.

Lebaply çeşmeler hökümet tarapyndan arzan bahadan satuwa çykarylan günebakar ýagynyň hiliniň pesligine seretmezden, onuň hyrydarynyň köplügini aýdýarlar. Adamlar ýagdan gelýän ýakymsyz ysy aýyrmagyň dürli ýollaryny gözleýärler.

“Ýagy satyn alan günüm, ýakymsyz ysy aýyrmak üçin, açyk gazana salyp ýagy köýdürdim. Emma şonda-da ysy gitmedi. Goňşym bolsa, ýagda bir zatlar gowurmazdan ozal, oňa wanilin goşmaly diýip maslahat berdi, şondan soň biraz ýakymsyz ysy aýryldy” diýip, türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Mundan öň şäheriň köneçiler bazarynyň ýanynda we “Gök” bazarda, öndürijisi belli bolmadyk günebakar ýagy arzan bahadan satylýardy. Türkmenabat şäherindäki çeşmeler şol pes hilli günebakar ýagynyň söwdasynyň bir hepdä golaý wagtdan soň doly ýatyrlandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.