Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Şu günler Baýramaly etrabynda polisiýa işjeňligi ýokarlandy.

Bir ýyl ozal Türkmenistanda heläk bolan 20 ýaşly gyzynyň gümürtik ölümi boýunça adalat gözleýän we häzirki wagtda Türkiýede zähmet migrasiýasynda ýaşaýan maryly enäniň media çykyşlaryndan soňra, maşgalanyň Baýramaly etrabyndaky öýi hukuk goraýjylar tarapyndan göz astyna alynýar.

Bu aralykda, polisiýa işgärleri etrapda ten söwdasy bilen meşgullanýan aýallara garşy reýd geçirýär.

“Baýramaly etrabynyň Guşly geňeşliginiň ýaşaýjysy bolan Jumamyradyň gyzynyň şübheli ölümi bilen bagly habarlar media serişdelerinde peýda bolandan soňra, olaryň hojalygyna gelip gidýän adamlara esewan edilýär, Jumamyradyň el telefony diňlenýär. Munuň düýp sebäbi daşary ýurt media serişdelerinde merhum gyzyň ejesi tarapyndan ölüm hadysasy boýunça habarlaryň ýaýradylmagy bolup biler” diýip, hukuk goraýjy edaralardaky bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Jumamyradyň gyzynyň ölümi barada bize-de maglumatlar elýeterli däl, ýöne bir zady bilýärin, ýagny häzirki wagtda ölüm hadysalary bilen bagly habarlar gös-göni prezidentiň diwanyna hasabat berilýär” diýip, hukuk goraýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Güljemal Jumamyrat gyzynyň 2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde gümürtik ýagdaýda heläk bolmagy we bu waka boýunça merhum gyzyň ejesi Gülälegiň adalat gözlegleri bilen bagly habarlar, ilkibaşda, üç hepde töweregi mundan ozal, türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýewiň sosial media efirinde jemgyýetçilige aýan boldy. Awgustyň ortasynda garaşsyz turkmen.news neşiri hem bu waka barada habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň “Migrant Media” taslamasy gyzynyň gümürtik ölüminiň aýdyňlaşdyrylmagyna çagyrýan ene bilen telefon söhbetdeşligini geçirip, onuň adalat gözlegleri barada 19-njy awgustda sosial media wideosyny çap etdi.

Bu wideo Azatlyk Radiosynyň YouTube abunaçylarynyň arasynda hem seslenme döretdi.

Häkimiýetleriň wersiýasyna görä, merhum gyzyň Aşgabatda köp gatly bir binanyň üçünji gatyndan özüni oklap, öz janyna kast edendigi aýdylýar. Ýöne merhumyň ejesi onuň janyna kast edilip, üçünji gatdan aşak oklanandygyna ynanýandygyny aýdýar.

Güljemal ömrüniň soňky bir ýylynda Aşgabatda bir hususy tikinçilik fabriginde işleýän ekeni. Şol wagtlarda hem zähmet migrasiýasynda bolýan ejesi ogullary harby gulluga gidýänçä gyzynyň Baýramalydaky öýlerinde bolmagyny soraýar. Ýaş gyz soňky sapar iýunda paýtagta gidip, kireýine ýaşaýan kwartirasyndan egin-eşiklerini, goşlaryny alyp gaýtmakçy bolýar. Bu saparyň dowamynda ol işleýän ýeri bilen hem hasaplaşyp gaýtmagy ýüregine düwýär. Şol wagtlarda gyzyň kakasy hem Aşgabatda işleýän ekeni.

Ýaş gyz paýtagta baranda, merhum gyzyň otagdaşy we obadaşy ony şol gije bir doglan gün oturylyşygyna çagyrýar. Gyzlar ýaş toýa gatnaşýar. Munuň yz ýany, gyzyň kakasy ölüm habaryny alýar.

Türkiýede ýaşaýan migrant ene ajy habary uýasyndan alýar, ýöne gyzynyň jynaza çäresine gatnaşyp bilmeýär.

Turkmen.news neşiriniň bu ölüm wakasy boýunça çap eden kazyýet-lukmançylyk seljermesinde ölümiň sebäbi ‘beýiklikden ýykylma şikesi’ hökmünde görkezilýär.

Ýöne migrant ene öz gyzynyň ölümi boýunça hukuk goraýjy edaralara ýüz tutup, bu wakanyň seljerilmegini talap edýändigini aýdýar. Ol özüniň yzly-yzyna ýazan ýüztutmalaryna we arzalaryna hiç hili jogap alyp bilmeýändigini aýdýar.

“Tutuş ýyl meniň adamym Türkmenistanda arza yzyna arza ýazdy, emma olar hiç hili netije bermedi. Men näme etjegimi bilmedim... Meniň ýüz tutmadyk ýerim galmady. Bir ýerde ýazylmaly ýer bolsa ýazdym, her bir edara 2-3 sany arza ýazdym” diýip, Gülälek aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýaş gyz orta mekdebiň soňky synpynda aşa tolgunsa, ýa-da gaharlansa damar çekme tutgaýynyň tutmagy ýaly saglyk şikaýatlaryndan ejir çekipdir. Ol munuň bilen baglylykda hassahanada bejergi hem alypdyr. Gamgyn ene haraý gözläp, özleriniň näsag gyzynyň “jynlaryny kowdurmak maksady bilen, mollalara-da okadandyklaryny” aýdýar.

Tutgaýdan halas bolmak üçin, ýaş gyz täze hünär öwrenýär, tikinçilik bilen meşgullanyp başlaýar. Gussaly ene öz gyzynyň köpçülige çykyp, işläp başlasa, ünsüniň sowlup, tutgaýdan halas bolmagyna bil baglaýar. Ýöne maşgalanyň şypa gözlegleri ýaş gyzyň pajygaly ölümi bilen netijelenýär.

“Bu Hudaýdan gelmedi ahyryn. Maňa dogry düşüniň! Ol hassa bolmady, heläkçilige uçramady” diýip, ene aýdýar we gyzynyň ölümine sebäp bolan adamlary bagyşlap bilmeýändigini belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Migrant ene ölüm hadysasy boýunça açylan işiň “pul bilen ýapylandygyna” ynanýandygyny aýdýar we häkimiýetlerden bu iş boýunça aýdyňlyk talap edýär.

Azatlyk Radiosynyň bu iş boýunça Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndan teswir almak synanyşygy netije bermeýär.

Bu maglumatyň Azatlyk Radiosynda çap edilen gününde, 21-nji awgustda merhum gyz aýatda diri bolanda 21 ýaşamaly ekeni.

Degişli maglumat Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýär

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Baýramaly etrabynda şu günler ten söwdasy bilen meşgullanýan aýallara garşy polisiýa reýdleriniň geçirilýändigini habar berýärler.

“Häzir ten söwdasy bilen meşgullanýan aýallar anyklanyp, tutulýarlar we polisiýa bölümlerine getirilýärler, bellige alynýarlar. Ele salynýan zenanlaryň arasynda ýaş zenanlar hem köp. Gelinleriň arasynda ýan ýoldaşy bolan, çagaly, bitewi maşgalalardan bolan aýallar hem bar” diýip, Baýramaly etrabynyň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme aýdýar.

“Şeýle maşgalalar bellige alynmazlyk üçin özelenip ýalbarýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, aýallar bellige alnandan soňra goýberilýärler, käbirleri bolsa jynsy ýollar bilen geçýän keselleri, şol sanda AIDS keselini anyklamak üçin, Baýramalynyň hassahanasynyň ýokanç keselleri bölümine alnyp gidilýärler.

Içeri işler edaralary ten söwdasy bilen meşgullanýan aýallara garşy güýçlendirilen esewan işleriniň mümkin bolan sebäpleri barada maglumat bermeýär.

Azatlyk Radiosy bu reýdler boýunça hem Baýramalynyň etrap polisiýa bölüminden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.