Nukusdäki pajygaly wakalardan bäri iki ýyl geçdi. Şonda Garagalpagystanyň özygtyýarlygy we Özbegistandan aýrylmak hukugy baradaky maddalaryň Konstitusiýadan aýrylmagyna garşy parahatçylykly protestler häkimiýetler tarapyndan basylyp ýatyrylmagy gan döküşiklige getirdi. Resmi maglumatlara görä, 21 adam ýogaldy, 200-den gowrak adam ýaralandy. Şol wakalardan soň Daşkent halkyň pikirini nazara aljakdygyny aýdyp, jedelli özgerdişliklerden ýüz öwürdi. Emma häkimiýetler protestçileri agyr jezalandyryp, garagalpak aktiwistlerine basyşy artdyrdy. Ýakynda bolsa Garagalpagystanyň garaşsyzlygyny goldaýan assosiasiýany kanuny däl hasaplady.
ÖZYGTYÝARLYGYŇ ÝATYRYLMAGYNA GARŞY PROTEST
2022-nji ýylda Özbegistanyň häkimiýetleri tarapyndan referenduma teklip edilen Konstitusiýanyň täze taslamasynda, Garagalpagystanyň özygtyýarlygy we Özbegistandan aýrylmak hukugy baradaky maddalaryň ýoklugy garagalpagystanly ýaşaýjylaryň arasynda närazylyga sebäp boldy. Örän möhüm mesele boýunça garagalpak halkynyň pikiriniň nazara alynmagyny talap edýän parahatçylykly ýygnanyşyk geçirmäge rugsat alandygyny aýdan protest ýolbaşçysy, aklawçy Dauletmurat Täjimuratowyň tussag edilmegi protestleriň güýçlenmegine getirdi. Nukusde, Moýnakda, Şymbaýda we Garagalpagystanyň beýleki etraplarynda adamlar köpçülikleýin proteste çykdylar.
Köçelere çykan adamlaryň talaplaryndan soň Täjimuratowyň boşadylmagyna garamazdan, häkimiýetler halk bilen dialog geçirmek islegini görkezmediler, olar öňki usula eýerip, gozgalaňlary güýç bilen togtatdylar. Özbegistanyň Milli Gwardiýasy meýdanda duran parahat ilata garşy ot açdy. Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, Nukus wakasynda 21 adam ýogaldy, 200-den gowrak adam ýaralandy. Emma adam hukuklary boýunça aktiwistler ölenleriň sanynyň has köpdügini aýdýarlar.
2016-njy ýylda Özbegistana 25 ýyldan gowrak wagtlap ýolbaşçylyk eden awtokrat Yslam Kerimowyň aradan çykmagy bilen häkimiýet başyna gelen prezident Şawkat Mirziýoýew reformalary yglan edip, ýurtda özgerişlere ygrarlydygyny görkezmäge çalyşdy. Nukusde ýüze çykan wakalar halkynyň problemalaryna düşünýän we olaryň sesini diňleýän ýolbaşçy Mirziýoýewiň döretjek "maýylganlyk" syýasatynyň çäklidigini görkezdi.
Ýarag güýji bilen protestler togtadylandan soň, Mirziýoýew Nukuse geldi. Ol 2022-nji ýylyň 2-nji iýulynda Garagalpagystanyň statusy bilen bagly Konstitusiýanyň maddalarynyň üýtgemejekdigine söz berdi. Garagalpagystanyň statusy baradaky düzedişler referenduma hödürlenmedi. Ýöne ekspertleriň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler adatda ulanylýan repressiw çärelere dolandylar.
NUKUS WAKALARYNDAN SOŇKY JEZA ÇÄRELERI
Adam hukuklaryny goraýjy Galym Ageleuow Nukus wakalaryndan soň näçe adamyň türme tussaglygyna höküm edilendigini anyk aýtmak kyn diýýär. Onuň sözüne görä, Garagalpagystandaky aýratyn kazyýet diňlenişikleriniň geçişini yzarlamak mümkin däl.
– Buhara şäherinde 39 we 22 garagalpagystanlynyň işine seredildi. Bu iki esasy proses boldy. Mundan başga-da, aýratyn kazyýet diňlenişigi geçirildi. Ýöne olar Garagalpagystanyň özünde boldy we olaryň köpüsi synçylaryň gatnaşmazlygynda geçirildi – diýip, Ageleuow aýdýar.
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Özbegistanyň Baş prokuraturasy Nukus wakalary bilen baglylykda 171 adama garşy jenaýat işiniň başlanandygyny habar berdi. Buharada 22 adamyň işine seredilipdi. Aklawçy we "El Hizmetinde" gazetiniň žurnalisti Dauletmurat Täjimuratow "konstitusion tertip-düzgüni ýykmaga synanyşmakda", "köpçülikleýin gozgalaňlary guramakda", "häkimiýeti ele geçirmek üçin dildüwşük guramakda" aýyplanyp, 16 ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berildi.
"39 adamyň işinde" 28 adama 5 ýyldan 11 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek, 11 adama 5 ýyl azatlykdan çäklendirmek jezasy berildi. Apellýasiýa diňlenişiginden soň, aýyplanýan 16 adama kesilen jeza çäresi ýeňilleşdirildi. Ýedi adama garşy çykarylan hökümler üýtgewsiz galdyryldy.
Nukus wakalary döwründe kanuny bozmakda we adamlary gynamakda aýyplanyp, Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň üç işgäri saklanyp, olar 3 ýyldan, 7 ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum edildi.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň tassyklamagyna görä, Nukus wakalaryndan soň, ýurduň içindäki raýatlardan başga-da, Özbegistanyň häkimiýetleri Garagalpagystanyň özygtyýarlygy we garaşsyzlygy barada, öz garaýyşlaryny aç-açan beýan eden daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistlere hem dürli aýyplamalar bildirmek bilen jezalandyrmaga synanyşýar. Mysal üçin, Özbegistanyň haýyşy boýunça Gazagystanda garagalpak aktiwistleriniň birnäçesi tussag edildi ýa-da gorag astyna alyndy.
Degişli maglumat “Garaşsyzlygy arzuw etmek jenaýat däl”. Garagalpagystandaky ganly wakadan soň ýatlanýan pursatlar
KAZYÝET HÖKÜMETI TANKYTLAÝAN GURAMANY GADAGAN EDÝÄR
Şu ýylyň 6-njy iýunynda Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondunyň saýtynda, aktiwist Parahat Musaparowa garşy 30-njy maýda çykarylan hökümden alnan parça çap edildi. Ol Garagalpagystanda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Aktiwistiň garşysyna getirilen aýyplamalaryň arasynda, "Gadagan edilen guramanyň işine goşulmak" maddasy hem agzalyp geçilýär. Kazyýetiň kararynda Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda "Alga, Garagalpagystan" atly hasaba alynmadyk partiýany "ekstremist gurama" diýip ykrar edendigi we ýurtda onuň işiniň gadagandygy aýdylýar.
"Alga, Garagalpagystan" partiýasynyň lideri, häzirki wagtda Norwegiýada ýaşaýan Aman Sagidullaýew özbek kazyýetiniň bu gurama garşy çykaran kararyndan habarsyzdygyny aýdýar.
– Özbegistanyň Ýokary kazyýeti "Alga, Garagalpagystan" demokratik partiýasyny "ekstremist" diýip ykrar edýän höküm çykardy diýip habar berilýär. Emma biz bu barada bilmeýäris. Maňa hiç kim hiç haçan kazyýetiň kararyny bermedi. Bu barada men Türkmen Helsinki fondunyň saýtyndan okadym – diýip, Aman Sagidullaýew aýdýar.
"Alga, Garagalpagystan" hereket hökmünde 2008-nji ýylda döredildi. Soňra bu gurama birnäçe gezek özüni partiýa hökmünde hasaba aldyrmaga synanyşdy, ýöne ähli synanyşyk netijesiz tamamlandy. Sagidullaýewiň aýtmagyna görä, ol soňky gezek Garagalpagystanyň Adalat ministrligine partiýanyň hasaba alynmagy baradaky arza bilen 2019-njy we 2020-nji ýyllarda ýüz tutýar. Emma häkimiýetler guramanyň arzasyny kabul etmändirler.
– "Alga, Garagalpagystan" demokratik partiýanyň maksady Özbegistanyň we Garagalpagystanyň arasyndaky meseläni parahatçylykly ýagdaýda, Özbegistanyň Konstitusiýasy we Garagalpagystan Konstitusiýasy esasynda, gepleşikler arkaly çözmekden ybaratdyr. Nähilidir bir ekstremist pikir barada gürrüň bolup bilermi? – diýip, Aman Sagidullaýew aýdýar.
Onuň sözüne görä, hasaba alynmadyk partiýanyň 10 müňden gowrak agzasy bar.
Gazagystanyň adam hukuklary aktiwisti Galym Ageleuow özbek kazyýetiniň "Alga, Garagalpagystan" partiýasyny "ekstremist" diýip ykrar etmek baradaky kararynyň "Gazagystanyň Demokratik saýlawy" (GDS) hereketine garşy kabul eden kararyna meňzeşdigini aýdýar. 2018-nji ýylda Gazagystanyň kazyýeti sürgünlikde ýaşaýan oppozisiýa syýasatçysy, öňki bankir Muhtar Ablýazow tarapyndan döredilen GDS hereketini "ekstremist gurama" hasaplap, onuň işlerini gadagan etdi. Ýewropa Parlamentiniň rezolýusiýasynda bu hereket parahatçylykly syýasy gurama diýlip atlandyrylýar. Iki ýurduň kazyýet edaralary bu iki guramany gadagan etmek baradaky kararlaryny hiç ýerde çap etmediler.
– Ýewropa Parlamenti "Gazagystanyň Demokratik saýlawy" hereketini ekstremist guramalar bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk (parahatçylykly syýasy hereket) diýip ykrar etdi. "Alga, Garagalpagystan" hem şolar ýaly guramadyr. Guramanyň ruhy ýolbaşçysy Aman Sagidullaýew Norwegiýada ýaşaýar. Şol ýerden ol öz YouTube kanalynda janly ýaýlymlary alyp barýar. Ol garagalpak halkyna ýüzlenip, Konstitusiýa laýyklykda, garaşsyzlyk barada gürrüň edýär. Ol hiç haçan: "Geliň, ýarag alyp göreşeliň" diýmeýär – diýip, Galym Ageleuow aýdýar.
Adam hukuklary boýunça halkara Freedom for Eurasia guramasynyň wekili Nazgül Seýitbek özbek häkimiýetleriniň ýurtda "Alga, Garagalpagystan" hereketiniň gadagan edilendigi baradaky habarlaryň mundan 5 ýyl çemesi ozal gelip başlandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, oppozisiýa partiýalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ekstremist hökmünde ykrar edilmegi diňe bir Özbegistanda däl, eýsem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda we Russiýada öňden gelýän tejribedir. “Daşkent bu ýerde täze zat oýlap tapmady” diýip, ol aýdýar.
– Özbek hökümetiniň “Alga, Garagalpagystany” "ekstremist" diýip ykrar etmegi Garagalpagystanyň garaşsyzlyk baradaky referendum geçirmek ýaly başlangyçlarynyň öňüni almagyň bir usulydyr. Aslynda, iki ýurduň konstitusiýalaryna görä-de, adamlaryň referendum meselesini maslahatlaşmaga haky bar. Emma häkimiýetler muny gadagan edýär – diýip, Nazgül Seýitbek aýdýar.
Merkezi Aziýada adam hukuklary meseleleri boýunça iş alyp barýan aktiwist Witaliý Ponomarýowyň sözüne görä, Parahat Musaparow gadagan edilen "Alga, Garagalpagystan" hereketlerine “gatnaşandygy üçin” jogapkärçilige çekilen ilkinji adam. Ol geljekde guramanyň işine işjeň gatnaşmak bahanasy bilen aktiwistlere edilýän basyşyň artmagy we jenaýat işleriniň sanynyň köpelmegi mümkin diýip alada bildirýär.
12-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Özbegistanyň Ýokary kazyýetine ýüzlenip, "Alga, Garagalpagystan" partiýasyny gadagan etmek baradaky kararyň ýagdaýlary barada sorag berdi. Häzire çenli jogap bolmady.
"GAZAGYSTAN ARAÇY BOLMAGY TEKLIP ETDI"
"Alga, Garagalpagystan" partiýasynyň lideri Aman Sagidullaýew Nukus wakalarynyň çäginde, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi töwellaçylyk teklip edendigini aýdýar. Onuň sözüne görä, özbek tarapy gepleşikden boýun gaçyrypdyr.
– Nukus wakalary döwründe, Gazagystan bize töwellaçy bolmagy teklip etdi. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden bir adam meniň bilen habarlaşyp: "Siz Özbegistan bilen gepleşik geçirmäge taýýarmysyňyz?" diýip sorady. Men taýýardygymy we Özbegistandan başga, Ýewropanyň islendik ýurduna baryp biljekdigimi aýtdym. Emma Özbegistan gepleşik geçirmekden ýüz öwürdi – diýip, Aman Sagidullaýew aýdýar.
GARAGALPAGYSTAN RESPUBLIKASY NÄDIP ÖZYGTYÝARLYK ALDYGara-Galpak awtonom oblasty 1924-nji ýylda döredilip, tä 1930-njy ýyla çenli Gazagystan ASSR-iň düzüminde boldy. Soňra sowet häkimiýetleri ony RSFSR-iň düzümine geçirdi we 1936-njy ýyldan bäri ol Özbegistanyň düzümine girýär. 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Özbegistan SSR-niň düzüminde bolan Garagalpagystan awtonom respublikanyň parlamenti döwletiň doly garaşsyzlygyny öz üstüne alýan hökmürowanlygyny jar etdi. Onda ýurduň döwlet statusy ýokary "awtonom respublika" hökmünde görkezilýär. Hususan-da, awtonom respublikasy Garagalpagystan Sowet Sosialistik Respublikasy diýlip üýtgedildi (Garagalpak SSR-i). 1992-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Garagalpak SSR-i Garagalpagystan Respublikasyna öwrüldi. 1993-nji ýylyň 9-njy aprelinde ýurduň Konstitusiýasy kabul edildi. 1993-nji ýylda Garagalpagystan Respublikasynyň Özbegistanyň düzümine girmegi barada, 20 ýylyň dowamynda döwletara ylalaşyga gol çekdiler. Şertnamada awtonom respublikanyň referendum arkaly Özbegistandan aýrylmak hukugy göz öňünde tutulýar. Esasy gazanylan üstünlik awtonom respublikanyň referendum arkaly aýrylmak hukugynyň Özbegistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegi boldy. Emma Özbegistanda konstitusion reformalary geçirmäge laýyklykda teklip eden täze konstitusiýa taslamasy bu meseläni täzeden janlandyrdy. |
---|
Adam hukuklary boýunça halkara Freedom for Eurasia guramasynyň wekili Nazgül Seýitbek Nukus wakalarynyň açyk barlanylmandygyny aýdýar. Onuň sözüne görä, wakalary barlamak üçin özbek häkimiýetleri tarapyndan döredilen döwlet komissiýasy heniz öz netijelerini çap etmedi.
– Biz henizem komissiýanyň netijelerine garaşýarys. Olar çap etmäge söz berdiler, ýöne entek çap edenoklar – diýip, Nazgül Seýitbek aýdýar.
Nukus wakalary bilen bagly iş kesilen adamlaryň aglaba böleginiň hökümleri jemgyýete ýapyk diýip, adam hukuklaryny goraýjylar aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.