2007-nji ýylyň dekabrynda, garaşsyz Türkmenistanda geçirilen ilkinji häkimiýet çalşygyndan göni bir ýyl soňra, Günbatar ýurtlaryndan bolan bir diplomat Aşgabatda BBC-niň žurnalistine beren interwýusynda täze prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda getiren özgeriş wadalaryny, “rewolýusioner özgerişler”, ýagny “öwrülişikli özgerişler” atlandyrdy.
Aradan 17 ýyl geçdi. 49 ýaşda Türkmenistanyň ikinji prezidenti wezipesini eýelän Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda 67 ýaşaýar.
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynyň syýasat sahnasynda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri işjeň orun alan Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy karýerasyna nazar aýlaýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, 2022-nji ýylyň martynda döwlet baştutany wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa miras galdyran Gurbanguly Berdimuhamedow, şol bir wagtda, Aşgabatda 1990-njy ýyllaryň başlarynda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň başlygydyr.
Türkmenistanda Arkadag, türkmen halkynyň milli lideri yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedow tankytçylar tarapyndan awtokrat, diýdimzor, hatda diktator atlandyryldy.
Syýasat giňişliginde, ýa-da media serişdelerinde “awtokrat” we “diktator” adalgalary birmeňzeş manylarda ulanylýan-da bolsa, syýasatşynaslara görä, olaryň arasynda käbir tapawutlar bar: meselem, “diktatorlar” häkimiýeti köplenç güýç bilen ele geçirýärler we halky gorkuzyp, üznüksiz repressiýa we zulum astynda saklaýar. Awtokrat häkimiýeti miras alyp bilýär, ýa-da oňa häkimiýet berlip bilinýär. Awtokrat bitarap, ýa-da negatiw konnotasiýalar bilen asossirlenýär. Diktator elmydama-da zulum we repressiýa bilen ilteşdirilýär.
'Gara bulut'
2000-nji ýyllaryň birinji ýarymynda türkmen syýasatyna tutda-baslyklar, yzy üzülmeýän çäklendirmeler, durmuş pudagyndaky, şol sanda bilim we saglyk pudagyndaky gözçykgynç, halkara ülňülerine ters gelýän tejribeler agalyk etdi; neşe belasy, giň ýaýran işsizlik we garyplyk edil gara bulut bolup, jemgyýetiň üstüne abanýardy; il arasynda giň ýaýran umytsyzlyk, alaçsyzlyk we çykgynsyzlyk höküm sürýärdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle demikdiriji pursatda häkimiýet başyna geçdi we jemgyýetiň käbir gatlaklary tarapyndan, hamala, halasgär hökmünde kabul edildi.
Ýöne aradan geçen ýyllar we dünýä arenasynda, geosyýasy we geoykdysady giňişliklerde bolup geçen wakalar Berdimuhamedowyň syýasy karýerasyny agyr synagdan geçirdi. Synçylara görä, ikinji prezidentiň häkimiýet başyndaky ilkinji ýyllarynda aňlarda döreden “rewolýusioner özgertmeler salgymy” ýurtda 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda möwç alan ýapyklyk we üzňelik doňakçylygyny aradan aýryp bilmedi.
2002-nji ýylyň noýabrynda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy atlandyrylan waka, megerem, ýurduň garaşsyzlyk taryhynda öwrüm pursaty boldy. Bu waka döwlet edaralarynda giň gerimde geçirilen arassalaýyşlar, tutha-tutluklar bilen utgaşdy. Jemgyýete gorky aralaşdy, raýatlaryň söz, beýan, metbugat, maglumat azatlygy, pikir-düşünje azatlygy häkimiýetler tarapyndan has gözçykgynç görnüşde depelenip başlandy. Synçylara görä, syýasy matlaplar bilen geçirilen köpçülikleýin arassalaýyşlar we yzarlamalar jemgyýetde uly yz galdyrdy.
Bu wakalar kimler tarapyndan dolandyryjy gatlagyň öz arasyndaky häkimiýet göreşi hökmünde görlen-de bolsa, kimler tarapyndan ýurtda repressiýanyň tanapdan boşamagy, zulumyň kada öwrülmegi hökmünde kabul edildi.
Saparmyrat Nyýazow eksentrik lider hökmünde tanalýardy. Halkara metbugat Nyýazowyň Aşgabatda güne tarap aýlanýan altyn heýkeli, aýlaryň we günleriň atlaryny üýtgetmegi, hususan-da ýanwar aýyny Türkmenbaşy, aprel aýyny Gurbansoltan atlandyrmagy ýaly başlangyçlary barada habar berýärdi.
Nyýazow Merkezi Aziýanyň tebigy serişdelere baý ýurdunda öz şalygyny yglan edip, ömürlik prezident hökmünde erkana höküm sürýärdi.
Onuň ýurdy dolandyran ýyllarynda umumy orta bilimiň dokuz ýyla gysgaldylmagy, saglyk pudagynda müňlerçe işgäriň köpçülikleýin işden boşadylmagy jemgyýetiň agzalaryny köp sanly mümkinçiliklerden mahrum goýdy.
Dokuz ýyllyk orta bilim şahadatnamasy daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary tarapyndan ykrar edilmeýärdi. Şeýlelikde, dokuz ýyllyk bilim bilen ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikleri turuwbaşdan çürt-kesik çäklendirilýärdi.
2004-nji ýylda bolsa, Nyýazow ýurduň saglyk pudagynda, synçylara görä, akyla sygmajak bir karar kabul edip, 15 müň saglyk işgärini işden boşatdy we diňe paýtagt Aşgabatda we welaýat merkezinde esasy keselhanalaryň saklanyp galynmagy boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Şol döwürde ýurduň saglyk pudagyna hökümet başlygynyň orunbasary, öňki diş lukmany, iki ýyl soňra ýurtda döwlet baştutany wezipesini eýelejek, Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýärdi.
Nyýazow saglyk pudagyndaky “gözçykgynç reformalaryny” Berdimuhamedowyň eli bilen amal edýärdi.
Bu aralykda, jemgyýetde garyplyk, neşe belasy ýaly sosial problemalar maşgala ojaklaryny ýykyp ýumurýardy. Ýaş nesiller Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby bilen ýatyp turýardy, halkara metbugat hatda sürüjilik şahadatnamalaryny almakda hem raýatlardan Ruhnama synaglaryny tabşyrmagyň talap edilýändigini habar berýärdi.
Aýlar geçdi, günler geçdi, ýöne her geçen aý, her geçen gün türkmen topragynda Nyýazowyň dakan täze atlary bilen geçýärdi. Her geçen gün, her geçen aý saglyk ojaklaryndaky derbi-dagynlyga şaýat bolup geçýärdi. Her geçen gün, mekdeplerde ýaňlanýan Ruhnama setirleri, Türkmenbaşynyň şanyna bogaz ýyrtylyp aýdylýan öwgüli aýdymlar bilen geçýärdi. Aşgabadyň merkezindäki üç aýagyň, Bitaraplyk binasynyň depesinde Güne tarap aýlanýan Nyýazowyň heýkeli, hamala, hiç haçan durmajak ýalydy.
Nyýazowyň saglyk pudagyndaky “gözçykgynç reformalary”, iň bolmanda, halkara giňişliginde ynsan mertebesine sarpa goýýan taraplar, aň-düşünje merkezleri tarapyndan üns merkezine çekilip başlandy.
Halkara aladalar
Londonyň Arassaçylyk we tropiki medisina mekdebi 2005-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň sandan çykan saglyk ulgamy barada ylmy barlaglary çap edip, ýurtda Nyýazow tarapyndan weýran edilýän saglyk pudagynyň gözgyny ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Şonda ylmy-barlaglar Türkmenistanyň “gumanitar katastrofanyň”, “ynsanperwerçilik betbagtçylygynyň” bosagasynda durandygy barada netije çykardy.
Britaniýanyň iri lukmançylyk mekdebiniň taýýarlan maglumatlaryna, soňra, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça 2005-nji ýylda taýýarlan hasabatynda, Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 2006-njy ýylda dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynda, Human Rights Watch guramasynyň 2006-njy ýyl boýunça çap eden hasabatynda salgylanyldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2002-nji ýylda Türkmenistanda erkek adamyň ortaça ömrüni 51 ýaş, aýal adamyň ortaça ömrüni 57 ýaş hökmünde görkezýärdi.
Şol döwürlerde syýahatçylyk wizasy bilen Türkmenistana sapar etmegi başaran bir BBC žurnalisti ýurtda çaga ölümleriniň ýokarlanýandygyny habar berdi. Onuň şol wagtlarda toplan maglumatlaryna görä, ýurduň bir sebitinde täze doglan çagalaryň 12 göterimi heniz bäş ýaşyna ýetmänkä aradan çykýardy.
Nyýazow, bir tarapdan, 2002-nji ýylda bolup geçen jana kast etmek synanyşygy diýilýän boýunça alyp barýan tutha-tutluklary bilen bagly tankytlara duçar bolýardy, beýleki tarapdan, ýurduň çagşaýan durmuş ulgamlary, şol sanda saglyk pudagy boýunça berk tankytlara sezewar bolýardy. Bu aralykda ýurtda söz we metbugat azatlygy barha köp çäklendirilýärdi.
Şol döwürlerde, 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda türkmen häkimiýetleri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Ogulsapar Myradowany tussag etdiler we, hukuk toparlaryna görä, ol galp aýyplamalar bilen alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şondan bir aý çemesi wagt soňra žurnalist gümürtik ýagdaýda türmede aradan çykdy.
Bu waka türkmen syýasatyndaky hukuk kemsitmeler, adam hukuklarynyň basgylanmagy babatynda, megerem, takdyryň “sabyr käsesini dolduran” iň soňky waka bolan bolsa nätjek?
Žurnalistiň ölümi ýurduň syýasy giňişligindäki demikdiriji howadan, zulumdan, basyşlardan we yzarlamalardan habar berýärdi.
Şeýle howa dünýäniň hiç ýerinde-de hemişelik dowam edip bilmezdi. Döwrüň synçylaryna görä, şol döwürlerde adamlar “tuneliň gutarýan ýerindäki yşyk şöhlelerine” teşne galýardy.
Şol gabatlar, 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň başlarynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabatda Türkmenbaşynyň Ertekiler dünýäsiniň açylyşyna gatnaşdy. Megerem, Merkezi Aziýanyň çöllük ýurdunyň paýtagtyndaky türkmen “Disney Land-iniň” açylyş dabarasy Nyýazowyň gatnaşan iň soňky iri köpçülik çäreleriniň biri boldy.
Döwlet telewideniýesi dekabrda Nyýazowyň geçiren hökümet mejlisleriniň birini görkezdi. Ýöne, milady senenamasynyň iň uzak gijesinde, 21-nji dekabr gijesinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 66 ýaşda tarpa-taýyn aradan çykdy. Bu waka tutuş ýurtda şok täsirini döretdi.
Täze lider
Şol günlerde ýurduň derbi-dagyn bolan saglyk pudagyna gözegçilik eden wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow nämeler bilen meşgullanýardy!? Geliň bu soragyň jogabyny Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz kitabyndan tapaly:
“2006-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy tarpa-taýyn aradan çykdy. Bu waka ähli ildeşlerimiz bilen bilelikde maňa hem örän agyr täsir etdi. Ähli halkymyz üçin ýeňil bolmadyk şol günlerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bilelikdäki mejlisiniň çözgüdi bilen maňa ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça Prezident saýlawlary geçirilýänçä Türkmenistanyň prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik ynanyldy. Türkmen döwletiniň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny soňky ýoluna ugratmak boýunça Hökümet topary döredilip, oňa ýolbaşçylyk etmek hem maňa tabşyryldy. Soňra maňa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine geçiriljek ählihalk saýlawlarynda dalaşgär hökmünde gatnaşmak teklip edildi” diýip, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Ömrümiň manysy” kitabynda aýdýar.
Ýöne bu ýerde bir mesele bar: Türkmenistanyň şol wagtky Konstitusiýasy Türkmenistanyň prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän adama prezidentlige dalaş etmäge rugsat bermeýärdi. Üstesine, prezident öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň ygtyýarlyklary Mejlisiň başlygyna geçmelidi. Ýöne Döwlet howpsuzlyk geňeşi ýörite çözgüt kabul edip, hem-de Halk maslahaty Türkmenistanyň Baş kanuna gyssagly üýtgetmeleri girizip, bu päsgelçilikleri aradan aýyrdy we Gurbanguly Berdimuhamedowa giň ýol açyldy.
Berdimuhamedow hakykatdan-da öz kitabynda belleýşi ýaly ilkinji prezidenti soňky ýoluna ugratmak çäresine ýolbaşçylyk etdi. Şeýle tejribe öňki sowet giňişliginde ýoň bolan tejribedir, ýagny aradan çykan prezidenti kim soňky ýoluna ugratsa, şol hem prezident bolýar.
Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ilkibaşda wagtlaýyn prezident, soňra bolsa, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawlarynda, Türkmenistanyň saýlaw resmilerine görä, sesleriň 89 göterimine eýe bolup, prezident yglan edildi. Ol şol ýylyň 14-nji fewralda Aşgabadyň Ruhuýet köşgünde geçirilen inaugurasiýa dabarasy bilen kasam kabul edip, prezident wezipesine girişdi.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly hökmünde ykrar edilmedi.
Ýöne, iň bolmanda, Türkmenistanda “göz üçinem bolsa” saýlaw geçirilýär. Saparmyrat Nyýazow özüni ömürlik prezident yglan etdiripdi. Ýöne, aýdyşy ýaly-da, ol ömrüniň ahyryna çenli prezident boldy.
'Ter optimizm'
“Megerem, işleýän awtokratiýa işlemeýän demokratiýadan ýagşydyr” diýip, Nyýazowyň ölüminden bir ýyl soňra 2007-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana sapar eden BBC žurnalisti bir türkmen žurnalistiniň Aşgabatda özüne aýdan sözlerini sitirleýär.
Nyýazowyň ölüminiň birinji ýyl dönüminde, 2007-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistan barada makala çap eden BBC Türkmenistandaky ýagdaýlary düýbünden başgaça suratlandyrýar.
Makala “Türkmenistanda ter optimizm” atlandyrylýar we, başyndan tas soňuna çenli, türkmenistanlylaryň Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetiniň astynda geçiren bir ýyllyk wagt möhleti pozitiw äheňde, uly umytlar bilen beýan edilýär.
Sebäbi, Gurbanguly Berdimuhamedow özünden öňki prezidentiň getiren käbir düzgünlerini ýatyrypdy. Mekdepler gaýtadan 10 ýyllyk, soňy bilen 11 ýyllyk boldy, saglyk işgärleri işlerine dolanyp bardy, täze prezident Internet azatlygyny wada berýärdi.
Günbatar ýurtlaryndan bolan bir diplomat, şol döwürde, Aşgabatda BBC žurnalistine beren interwýusynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň getiren özgertmelerini “rewolýusioner özgerişler”, ýagny “öwrülişikli özgerişler” atlandyrýardy.
“Goňşularymyza bir serediň – Owganystanda başly-baratlyk, gandöküşiklik. Eýranyň haçan bombalanjagy belli däl. Özbegistan örän garyp, adamlar ýurtdan gaçýar... Biziň ýurdumyz [Türkmenistan] bolsa, parahat, durnukly, biz ertirki günüň nähili boljakdygyny bilýäris” diýip, BBC 17 ýyl ozal Aşgabatda 36 ýaşly türkmenistanly Tatýanany sitirledi.
Berdimuhamedow, aslynda, häkimiýet başyna geçende syýasy giňişlikde gaty bir uly özgerişleri wada bermedi. Ol özüniň Nyýazowyň ýoluny dowam etdirjekdigini aýtdy.
“Syýasy azatlyklar Türkmenistanda seýrek bolup biler, ýöne awtoulagyň benzin bakyny bir dollara dolduryp bolýar. Tok, gaz, suw, hatda jemgyýetçilik transporty hem bu ýerde, iş ýüzünde, tölegsiz” diýip, BBC makalasy aýtdy.
Aradan 17 ýyl geçdi. Geçen 17 ýylyň dowamynda BBC kän bir Türkmenistan barada maglumat çap edibermedi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasyna görä, BBC-niň Türkmenistanda akkreditasiýa edilen žurnalisti hem ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.