Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk düzümlerinde soňky birnäçe ýyl bäri yzygiderli geçirilýän üýtgedip gurmalar, Aşgabat şäheriniň ýolagçy transportynyň hiline ýaramaz täsir ýetirdi diýip, ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamyndan habarly bir çeşme aýdýar.
Paýtagtyň hojalyk hasaplaşygyndaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslaryň hatardan çykmagy we sürüjileriň ýetmezçiligi ýaly problemalar sebäpli, şäheriçi ýolagçy gatnawlaryny wagtly-wagtynda berjaý edip bilmeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.
Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri we transport resmileri ýurduň “yzygiderli ösdürilýän ulag ulgamlaryny” we “paýtagtyň halkara ülňülerine gabat gelýän elýeterli jemgyýetçilik transportyny” ýygy-ýygydan mahabatlandyrýarlar.
Ýöne ulag pudagyndan habarly çeşmeler paýtagtyň ýolagçy awtoulag kärhanasynda hasapda duran “Hyundai” kysymly awtobuslara soňky birnäçe ýylyň dowamynda agram düşendigini, olaryň käbirleriniň motor ýaglarynyň wagtly-wagtynda çalşyrylmazlygy sebäpli hatardan çykandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Täze awtobuslar awtoparklarda könelýärkä, lebaplylaryň transport kynçylyklary ýitileşýärÝurduň ulag düzümlerinde geçirilen reformalaryň yz ýany, hojalyk hasaplaşygynda işleýän ýolagçy kärhanasy awtobuslaryň ätiýaç şaýlarynyň çalşyrylmagyny sürüjileriň üstüne ýükläpdir. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen, köp sanly sürüjiniň iş taşlamagyna alyp gelipdir.
“Awtobus sürüjileri şeýle talaplardan nägile bolup, öz arzalary boýunça işlerini taşlap başladylar” diýip, ulag ulgamyndaky çeşme ýurduň transport edaralarynyň gurluşlarynyň üýtgedilmeginiň yz ýany, paýtagtyň ýolagçy awtoulag kärhanasynda emele gelen ýagdaýlara ünsi çekýär.
Ýurduň ulag we aragatnaşyk edaralarynyň gurluşlarynyň üýtgedilmegi 2019-njy ýyldan soňra batlandy.
Ýatlasak, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, beýleki ulag we aragatnaşyk edaralary bilen bir hatarda ýatyrylyp, täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna berildi. Şonda täze ministrlige berkidilen awtomobil ulaglary pudagy “Türkmenawtoulaglary” agentligine öwrüldi.
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyna degişlidir. Täze özgertmeler köp sanly ulag düzümleriniň hususylaşdyrylmagyna, olaryň açyk ýa-da ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegine alyp geldi.
Ýöne şondan bir ýyl soňra, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Senagat we kommunikasiýa ministrligi ýatyrylyp, onuň binýadynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi esaslandyryldy. Öňki ministrligiň garamagyndaky käbir ulag düzümleri, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” agentligi Ministrler Kabinetiniň garamagyna berildi. Işi bes edilen bir ýyllyk ministrligiň senagat pudagyna degişli düzümleri täze döredilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine geçirildi. Täze ministrlige ýolbaşçy hökmünde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, häzirki prezident Serdar Berdimuhamedow bellenildi.
Şondan bir ýarym ýyl çemesi wagt soňra, 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. Ýurduň ulag düzümleri, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” agentligi hem Ulag we kommunikasiýalar agentligine berkidildi. Täsirli agentligiň başyna Mämmethan Çakyýew getirildi.
Şeýlelikde, Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasyna gözegçilik edýän “Türkmenawtoulaglary” agentligi üç ýylda üç gezek eýe çalyşdy. Bu aralykda, şäherde awtobuslaryň hatardan çykmagy, sürüjileriň ýetmezçiligi ýaly problemalar egsilmedi. Bu ýagdaýa parallel, döwlet telewideniýesiniň daşary ýurtlardan wagtal-wagtal satyn alynýan täze awtobuslary görkezmegi hem dowam etdi.
Degişli maglumat Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdySoňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda paýtagtyň jemgyýetçilik transport ulgamy tapgyrlaýyn ewolýusiýany başdan geçirdi.
Sowet Soýuzynyň dargap, ýurt garaşsyzlygynyň gazanylmagyndan soňra, paýtagtyň köçelerinde daşary ýurtlardan, şol sanda Günorta Koreýadan satyn alnan täze awtobuslar peýda bolup başlady.
2000-nji ýyllarda awtobuslaryň 1 teňňe hökmünde kesgitlenen gatnaw bahasy, 2008-nji ýylda 20 esse gymmatladylyp, 20 teňňä çykaryldy. Alty ýyl çemesi wagt soňra bolsa, 2014-nji ýylda bu baha 30 teňňä, 2021-nji ýylda 50 teňňä çykdy. Şeýle-de, paýtagtda hereket eden trolleýbuslar 2012-nji ýylda öz işini bes etdi, trolleýbuslar taryha geçdi. “Şkoda” kysymly 40-a golaý trolleýbus transport kärhanasynyň garažlaryna çekildi. Häzirki wagtda paýtagtly ýaşaýjylar jemgyýetçilik transporty hökmünde diňe awtobuslardan peýdalanýarlar.
Ilat sany 1 million adam hökmünde hasap edilýän Aşgabatda, häzirki wagtda, 96 çemesi ugur boýunça ýolagçy awtobuslarynyň gatnawlary ýerine ýetirilýär.
Bu aralykda, ýolagçy awtoulag kärhanasy sürüjileri işe çagyryp, bildirişleri çap edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda hem işe çagyryşlaryň dowam etdirilýändigini, ýöne ýüz tutmalaryň azdygyny habar berýärler.
Bu ýagdaý bolsa, ýolagçylaryň duralgalarda has köp garaşmagyna, awtobuslaryň gijä galmagyna alyp gelýär diýip, transport pudagyndaky çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy paýtagtyň transport kärhanasy bilen bagly habarlar boýunça kärhananyň özünden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.