Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär

Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi. Arhiw suraty.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.

Türkmenistanda şu ýyl gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden, dabara bilen bellenip geçilýär.

Mejlisiň karary bilen “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” atlandyrylan ýylyň dowamynda resmiler ýurduň içinde we daşynda möhüm sene mynasybetli ençeme çäreleri guramalaşdyrýarlar.

Media serişdeleri we metbugat sahypalary özüniň gymmatly eserleri bilen halk hakydasynda yz galdyran akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden wagyz edýär.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Birnäçe bölümden ybarat boljak gepleşikler tapgyrynyň bu sanynda Özbegistanyň Horezm welaýatyndaky “Altyn Miras” jemgyýetiniň başlygy, özbegistanly intelligensiýa wekili, golýazmalary toplaýjy Komil Nurjonow bilen hem-de Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen aýry-aýry interwýulary diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

DT: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär