Salam, Dogan!: Aýallaryň çaga dogrup-dogurmazlyk kararynyň elinden alynmagy we munuň täsirleri

Çagaly aýal. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda 2022-nji ýylda güýje giren kanun göwreli zenanlaryň abort etmegini 5-nji hepdesinden soň gadagan edýär. Bu ýagdaý zenanyň islenilmedik göwreliligi togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.

Bu çäklendirme aýallara we tutuş jemgyýete nähili täsir edýär?

Azatlyk Radiosynyň "Salam Dogan" rubrikasynyň nobatdaky sany ýene-e abort meselesine bagyşlanýar.

Programamyzyň şu günki sanynda gadagançylyk ýolunyň, adamlary kanun taýdan saýlamak we öz maşgalasyny planlaşdyrmak mümkinçiliginden mahrum etmegiň maşgalalara täsiri we jemgyýet üçin döredýän uzakmöhletleýin howplar barada gürrüň ederis.

Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk programasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Salam, Dogan!: Aýallaryň çaga dogrup-dogurmazlyk kararynyň elinden alynmagy we munuň täsirleri

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.