Ýygjamlaşýan adatdan daşary tebigy hadysalar ilaty ynjalykdan gaçyrýar

Arhiw suraty. Noýabr, 2023. Baýramalynyň bazary.

Daşoguz welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Ruhubelent etrabynda we Ahal welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde, şeýle-de Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde 7-nji maýda öýlän güýçli şemal öwsüp ýel turdy. Biraz öň, geçen hepdäniň şenbe güni, 4-nji maýda Aşgabadyň eteklerinde hem şemally howa boldy. 3-nji maýda paýtagtyň günorta sebitlerinde ýeriň sähel sarsylmagy ýerli ýaşaýjylarda ynjalyksyzlyk döretdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 7-nji maýda Ruhubelent etrabynda we Ahal welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde öýländen agşama çenli dowam eden güýçli ýeliň Içoguz stansiýasynyň eteginde ýerleşýän ilatly nokatlarda, Ruhubelent şäherçesinde we Ahal welaýatynyň Derweze geňeşliginde gündelik durmuşa ýaramaz täsir edendigini habar berýärler.

“Güýçli şemal Ruhubelent şäherçesindäki köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň demir şiferlerini uçurdy. Ýerli halk tozanly howadan ýaňa öýlerinden daşaryk çykyp bilmedi. Güýçli ýel sebäpli, elektrik simleri üzüldi. Öýjükli aragatnaşykda hem bökdençlik ýüze çykdy, adamlar telefonda zordan gepleşip bilýärdi, jaňlar kesilip gelýärdi” diýip, bir ruhubelentli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Çägeli harasat Aşgabat – Daşoguz gara ýolunda gum depejiklerini emele getirdi, ýeňil awtoulaglaryň hereketini kynlaşdyrdy.

Degişli maglumat Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde 7-nji maýda turan güýçli ýel ýarym sagat töweregi dowam etdi. Öýlänki salkynda okadylýan ençeme mekdepde çagalar çägeli harasat ýatyşýança öýlerine goýberilmedi.

Sebitde sekizinji maýa geçilen gije, sagat 2:00 töwereklerinde, ýene ýel turdy. Bu gezek, çägeli harasat bir sagat töweregi dowam etdi.

Ýerli ýaşaýjylar ýel turanda çölüň çägesiniň süýşýändigini aýdýarlar, şeýle-de çägeli harasatlaryň öňümizdäki günlerde hem dowam etmeginden howatyr edýärler. Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda garaşylýan adatdan daşary howa hadysalary barada heniz habar bermedi.

Mary sebitinde turan çägeli harasadyň yz ýany, 8-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ähli etraplarda we şäherlerde arassaçylyk işleriniň geçirilendigini habar berdiler.

“Çägeli harasadyň, hususan-da, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çetki obalarynda has-da güýçli bolandygyny aýdýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu sebitlerde 7-nji maýda kesilen elektrik energiýasynyň üpjünçiligi 8-nji maýda gaýtadan ýola goýuldy.

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň ep-esli bölegi, Ahal welaýatynyň Derweze geňeşligi, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň demirgazyk sebitleri Garagum çölünde ýerleşýär. Bu sebitlerden öwüsýän güýçli şemal çägeli harasatlara getirip bilýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurduň dürli künjeklerinde turan çägeli harasatlar barada habar bermeýär.

Degişli maglumat Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Biraz öň, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 7-nji maýda Türkmenistanyň Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýandygyny habar beripdi. Şonda neşir bu sebitlerde çägeli harasatlaryň hem bolup geçmeginiň mümkindigini aýtdy.

Türkmenistanda bolup geçýän tozanly howa, çägeli harasatlar hususan-da näsag adamlara, demgysma, gipertoniýa ýaly kesellerden ejir çekýän raýatlara has-da ýaramaz täsir ýetirýär.

Geçen hepdäniň anna güni, 3-nji maýda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde, öňki Gäwers etrabynyň ýerleşen çäklerinde hem tozanly howa bolup geçdi. Bu sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan birnäçe sürüji tozanly howada uly ýolda bir şekili göz bilen görüp bolýan aralygyň, gözýetimiň juda daralandygyny aýdýarlar.

“Awtomagistralda uzaklygy saýgaryp bolmansoň, hususan-da ýük ulag sürüjileri ulaglaryny ýoluň gyrasyna çekip, hereketi goýbolsun etmeli boldular” diýip, bir ak bugdaýly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 4-nji maýda paýtagt Aşgabadyň eteklerinde hem güýçli şemalyň bolup geçendigini habar berdiler.

Bu aralykda, habarçylarymyz geçen hepdäniň anna güni, 3-nji maýda paýtagt Aşgabadyň günorta sebitlerinde ýer sarsgynynyň duýlandygyny habar berýärler.

“Bu sarsgyn paýtagtyň, hususan-da, günorta sebitlerde ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda duýuldy. Sähel yranmalar, jaýlardaky çyralaryň çaýkalmagy ýaşaýjylarda howsala döretdi. Ýöne, her näme-de bolsa, ýer yranmasynyň güýji pes boldy, hiç hili betbagtçylykly hadysa, ýaralanan ýa-da zyýan çeken bolmady” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkezine görä, 3-nji maýda Demirgazyk Eýranyň Şirwan sebitinde, 11,6 km çuňlukda 4,2 magnitýudly ýer titremesi hasaba alyndy. Sarsgynyň merkezi bolan Şirwan şäheri Türkmenistanyň paýtagtyndan 70 kilometr çemesi günortada ýerleşýär.

Degişli maglumat Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtda bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda çägeli harasatlar we ýer sarsgynlary barada maglumat ýa-da beýanat bermeýär.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, soňky ýyllarda Türkmenistanda adatdan daşary howa hadysalary has-da ýygjamlaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.