Ilata azyk elýeterliligi çäkli bolup galýar, pes hilli azyga hyrydar artýar

Pes hilli arzan gurak taýýar azygyň bir görnüşi (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda pes hilli gurak görnüşli taýýar azyk önümlerine islegler artýar. Ýurtda subsidirlenen azyk önümleriniň satylmagy tamamlanyp, azygyň täjirçilik bahalarynyň gitdigiçe ýokarlanýan wagtynda gymmat bolmadyk şeýle azyk önümleri bilen ilat köpçüligi naharyň ornuna iýmitlenýär. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary bu tendensiýa degişli ýagdaýy öwrenmek üçin bazarlara aýlanyp, söwdegärleriň we alyjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldular we käbir sanlary topladylar.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň soňky aýlaryň dowamynda “Anakom” ýarym fabrikat iýmite islegleri ortaça 108 % artdy diýip, habarçymyz Türkmenabat şäheriniň we golaýdaky etraplaryň söwda wekilleriniň maglumatlaryna salgylanyp, 22-nji aprelde habar berdi.

Azatlygyň habarçylaryna elýeterli bolan Türkmenabat şäheriniň 10-dan gowrak azyk dükanyna we etraplardaky ençeme dükana degişli buhgalteriýa hasaplaryna laýyklykda, oba ýerlerinde bu azyk görnüşine islegler has köp bolup, onuň söwdasynyň möçberi 148% artypdyr, şäherlerde 68%-e barabar bolupdyr.

Degişli maglumat Häkimiýetleriň “çörek nobatsyz satylýar” düşünjesini döretmek tagallalary saklanýar

Ýerli söwda wekilleriniň beren maglumatlaryna görä, bu gurak görnüşli ýarym taýýar önüm, hususan-da, Farapda köp mukdarda satylypdyr.

"Anakom" ýaly gurak görnüşde satylýan we diňe gyzgyn suw goşulyp, tiz taýýarlanýan azyk pes hilli, emma arzan hasaplanýar we naharyň ornuny tutýar.

“Soňky iki aýyň dowamynda adamlar gaty kän 'Anakom' satyn aldylar. Ýarym fabrikat önüm arzan hasaplanýar, emma onuň ýokumlylygy ýok diýen ýaly. Onuň bir sanysy 7 manat. Emma ony-da karzyna alýarlar" diýip, Türkmenabadyň merkezinde ýerleşýän azyk haryt dükanynyň satyjysy anonim gürrüň berdi.

Satyjynyň sözlerine görä, şol bir dükanda soňky aýda ýumurtgany karzyna satyn alýanlaryň sany 90%, tamdyr çöregini karzyna
alýanlaryň sany 57% we çilimi karzyna alýanlaryň sany 16% artypdyr.

Türkmenistanda azyk önümlerini dükanlardan ýazdyryp, karzyna almak we soň puly bolanda hasaplaşmak tejribesi soňky ýyllarda hasam ýaýbaňlandy. Azyk önümleri karzyna her kime berilmeýär, wagtynda hasaplaşýan alyjylar mundan peýdalanyp bilýär.

Soňky aýlarda ýurtda subsidirlenen önümleriň söwdasy barha çäklendirildi we tas togtadyldy. Döwlet tarapyndan ilata örän çäkli mukdarda satylan pes hilli un, çörek, pagta ýagy, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk önümleri birnäçe ýyllap ilat köpçüligine açlykdan halas bolmaga ýardam beripdi.

Subsidirlenen azyga mätäç adamlaryň sanynyň gitdigiçe artýan wagtynda hökümet bu ýeňilligi ýatyrdy. Maşgalalaryň ençemesi çykgynsyz ýagdaýda galdy.

"Adamlar garyplaşyp barýar. Hanha, düýn obamda azyk dükana gije ogry girdi. Ogurlyga giren 15 ýaşly mekdep okuwçysy ejesi we kiçi gyz dogany bilen ýaşaýar we olaryň esasy iýmiti kakadylan çörek we sogan. Dükanyň eýesi oglana garşy şikaýat etmedi. Näme etsin" diýip oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylan unuň we çöreginiň bahasy duýdansyz üç-dört esse ýokarlandyryldy.

Azyk önümleriniň täjirçilik nyrhy hem barha ýokarlanýar.

Degişli maglumat Işsizlik ilat köpçüliginiň çagalaryny kadaly naharlamak we okatmak mümkinçiligini elinden alýar

Azyk önümleriniň öňki subsidirlenen nyrhlary we şu günki täjirçilik bahalary deňeşdirilende, bir buhanka çöregi 0,6 manatdan satylan bolsa, indi onuň bahasy 3,5 manada ýetdi; 10 sany towuk ýumurtgasy 5 manada satylypdy, şu gün bir ýumurtganyň bahasy 1,5 - 2 manat aralygynda; öň bir kilogramy 21 manatdan satylan doňdurylan towuk indi 35 manada durýar.

"Adamlar indi dükanlarda elýeter bahadan satylýan harytlaryň ýoklygyny aýdýarlar. Gün dolandyrmagyň agyrdygyny, ýaşmaga, ertirine bolan ynamyň ýokdugyny aýdýanlar hem köpelýär. Ýaşamagyň manysyny ýitiren raýatlaryň arasynda özlerine kast edýänleriň sany hem köpelýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda azyk krizisi 2017-nji ýylyň aýagynda başlandy. Un, çörek nobatlary şondan soň aýrylmady. Soňky ýedi ýylyň dowamynda bu ýagdaýy bir gezegem açyk boýun almadyk hökümet, ujypsyz ýeňillikleri ýatyrdy we soňky aýlarda "azyk gymmatçylygy kada" diýen düşünjäni ornaşdyrmak ugrunda herekete girişdi.

Mart aýynda Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” barada düşündiriş bermek çäreleri geçirildi.

Degişli maglumat Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.