Aşgabat Pekine sekiz aýda $6,63 milliardlyk gaz satdy

Bezeg suraty

Hytaý şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda umumy bahasy 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri TASS habar gullugynyň Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp beren habaryny türkmen okyjylaryna ýetirdi.

Bu görkeziji, habarda bellenmegine görä, Türkmenistanyň Hytaýa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% kän tebigy gaz satandygyny aňladýar.

Aşgabat Pekine Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça gurlan üç geçiriji arkaly gaz iberýär.

Emma synçylar türkmen ýangyjynyň daşary ýurtlara satylmagyndan alynýan girdejileriň türkmenistanlylaryň umumy durmuş abadançylygynyň gowulanmagyna peýda etmeýändigini, ýurtda azyk gytçylygynyň dowam edýändigini, durmuşyň ýönekeý adamlar üçin hemişe gymmat bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri gazdan, beýleki baýlyklardan alynýan altyn pul girdejileriniň harçlanyşy barada ilata wagtly-wagtynda we açyk, barlap bolýan hasabatlary bermeýärler.

Degişli maglumat Aşgabat bilen Pekiniň alty aýlyk söwdasy $5,5 milliard boldy