Diňle: Türkmenabatlylar ýerli alkogolsyz gazly içgileriň we şerbetleriň hilinden ‘şikaýat edýär’

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň söwda tekjelerinde Coca-Cola alkogolsyz içginiň seýreklemegi bilen, bu brendiň adyna kybapdaş ýerli gazly suwlaryň dürli görnüşleri hödürlenip başlady. Coca-Cola içgisinden tas bäş esse arzan satylýan ýerli gaplanan suwlaryň hiliniň we tagamynyň has pesdigi bellenilýär. Şeýle-de, ýerli lukmanlar bularyň önümçiliginde doly barlagdan geçmedik serişdeleriň ulanylýandygyny, munuň hem soňy bilen onkologiýa hassalygyna ýol açyp biljekdigini duýdurýarlar.